Bäsleşigiň jemleýji tapgyry

27 Iýul 2022
1056

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň „Toý mekany“ medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden „Gülüň owadan!“ atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Haçanda, gözellik dünýäsiniň uç-gyraksyz ummanyny ýada salýan gözellige gözüň düşende, göwnüň göterilip, kalbyň ganatlanan ýaly bolýar. Ene-mamalarymyzyň paýhas eleginde gaýnap, sünnälenen her bir milli mirasymyz nepisligi, gözelligi bilen göreni özüne bendi edýär. Soňsuz gözellikleriň melul ediji dünýäsine seýrana çykan ýaly bolýarsyň. Bu gezegem şeýle boldy.

Ene-mamalarymyzyň sünnäli el işleri, öýlerimiziň törüniň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek, ýaşlarda tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, nesillerimizde milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan nusga bolup galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen „Gülüň owadan!“ atly bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy. Onda welaýat tapgyrlaryndan ýeňiji bolup gelen gelin-gyzlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Birinji şerte laýyklykda, zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak üçin ýüň saýlap almak, saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, keçäniň görnüşlerini, ony taýýarlamak üçin zerur bolan gurallar barada gürrüň berdiler. Ezber elli zenanlarymyz bäsleşigiň ikinji şertinde belli bir wagtyň dowamynda keçäni güllediler. Olar bu şerti çalasynlyk bilen ýerine ýetirdiler. Zenanlar jemleýji üçünji şertde bolsa, keçäniň döreýşi baradaky taryhy maglumatlary, il içinde ýaýran yrymlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza goýulýan belent sarpa bilen baglanyşdyryp, gazaldyr goşgularyň üsti bilen beýan etdiler. 

“Zenan kalby”.