Akyldaryň şygyrlarynda tebigat pelsepesi

28 Iýul 2022
961

Ynsanyň millet hökmünde kemala gelmegine, milli häsiýetine, ýörelgedir däp-dessurynyň, aň-düşünjesiniň, paýhasynyň, milli diliniň kämilligine we labyzdyr äheňine gönüden-göni tebigat we ynsan tebigaty täsir edýär. Halk hökmünde binýat tutan ruhy gymmatlyklaryny hem tebigatdan üzňe göz öňüne getirip  bolmaz. Şol ruhy gymmatlyklaryň biri hem şygryýetdir. Türkmen halkynyň buýsanjynyň we guwanjynyň naýbaşylarynyň biri bolan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň jümmüşinde türkmen tebigaty we onuň many-mazmunyndan syzylyp çykýan milli häsiýet çaýylan umumadamzat bähbitli filosofiýa öz beýanyny tapýar. Ussadyň şygyrlary köpgyraňlylygy bilen okyjylaryň, alymlaryň we pelsepeçileriň ünsüni özüne çekýär. Onuň şygyrlarynda diliň tebigaty, paýhas tebigaty, tebigy tebigat birleşip bitewi bir ylahy tebigaty kemala getirýär. Magtymgulynyň şygyrlaryndaky ynançlar hem türkmen tebigatyna berk baglydyr. Magtymguly Pyragynyň dünýägaraýşyna, ilki bilen, atasy Döwletmämmet Azady täsir edýär. Şonuň üçin hem onuň okumyşlygy sygryýetiň tebigatyny örboýuna galdyrýar. Ol öz döwrüniň dünýä edebiýatyny näçe köp okasa-da, türkmen pelsepesiniň milli häsiýetinden daşlaşman, gaýta türkmen diliniň esasyny goýmaga mümkinçilik gazanýar.

Ir zamanda söz göze görünmeýän guş hasaplanypdyr. Şol nukdaýnazardan, orta asyrda nusgawy edebiýatda «Guş dili» taglymaty kemala gelipdir. Bu barada Magtymguly Pyragy «Tilim guş tilidir suratym ynsan» diýmek bilen, bu taglymaty şygryýete siňdiripdir.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.