Iki bagban

27 Iýul 2022
612

Gadym zamanlarda iki bagban bolupdyr. Olaryň ikisiniň hem baglary bereketli hasyl eçilýär eken. Bagda dürli miweler ýetişýärmiş. Olar diýseň datly miwelermiş. Onsoň hemmeler şol miwelerden iýermenmiş. Bagbanlaryň biri ilki ýaş çagadyr ýetginjeklere bilim, ýaşlara ylymdyr hünär miwelerinden hödür edýän eken. Ol miwelerden dadanlar hem bagban ýaly bag ýetişdirip, miwesini hemmeler bilen paýlaşar eken.

Ýöne beýleki bagban beýtmändir. Ol husyt eken. Wagtyň geçmegi bilen, ikinji bagbanyň bagy solup, agaçlary guraýar. Çünki onuň bagyna husytlyk, ulumsylyk gurçuklary aralaşyp, ýekelik ýeli öwsüp başlanmyş. Beýleki bagbanyň bagynda bolsa, miweleriň has datly görnüşleri hem peýda bolup, sylag-hormat şemaly öwsüpdir, ýagýan ýagmyram bereket seçipdir. Muny gören goňşy bagban haýran galypdyr.

Mehriýa ROZYÝEWA,
Çärjew etraby.