Nepislik äleminiň soltany

22 Iýul 2022
1180

Zenanlarymyzyň sülük barmaklarynyň gudratyndan döreýän islendik el işlerini alanymyzda, bu hakykata göz ýetirmek bolýar. Türkmen gelin-gyzlaryna baha berjek bolsaň, olaryň döreden keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Ýürek mähri siňdirilip, yhlas bilen döredilen eserleriň her biri deňsiz-taýsyz gözellige, gaýtalanmajak ajaýyp sungat eserine deň. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen zenanlary il-halkymyza şeýle üýtgeşik sungaty serpaý eden mähribanlardyr.

Keşdeçilik milli buýsanjymyza öwrülen el hünärleriniň biri. Ol juda irginsiz zähmeti talap edýär. Keşdeçiligiň özboluşly usullaryny, inçe tärlerini eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredip gelipdirler. Çeper el hünäriniň elden-ele, nesilden-nesle geçmegi, kämilleşdirilip, döwrebap derejede ösdürilmegi babatda döwletimiz tarapyndan ähli amatlyklar döredilýär. Ene-mamalarymyzyň köpasyrlyk, baý tejribesine daýanylyp, gadymy nusgalaryň görnüşleri öwrenilip, olar döwrebap derejede baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan taýýarlanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly kitap hem bu ajaýyp sungatyň inçe syrlaryny, gaýtalanmajak gözelligini, deňsiz-taýsyz tarypyny beýan edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda türkmen gelin-gyzlarynyň eline gowşan bu kitap diňe bir many-mazmun babatda däl, eýsem, keşdeçilige bagyşlanan owadan suratlary bilen hem özüne çekýär.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby».