"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ketenim — milli lybasym

Gelin-gyzlarymyzyň milli egin-eşigi bolan keteni gadymylygy bilen bellidir. Dünýäde meşhurlyk gazanan keteni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly şäherler bolan Merwde, Nusaýda dokalypdyr. Halk arasynda keteniniň döreýşi, onuň meşhurlygynyň syry barada rowaýat bar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, günlerde bir gün lapykeç halda barýan ýigidiň öňünden bir ýaşuly çykyp, onuň halyndan habar alýar. Ýigit ýarawsyz ejesine hiç hili em tapyp bilmeýändigini aýdýar. Şonda ýaşuly ýigide tut agajyna gurçuk goýberip, ýapraklaryndan pile saradyp, onuň ýüpek süýüminden bolsa, tebigy ösümlik bolan çöpboýa boýalan gyrmyzy reňkde mata dokadyp, köýnek geýdirmegi maslahat berýär. Ýaşulynyň maslahatyna eýeren ýigidiň ejesi täsinlik bilen keselinden saplanýar. Şondan soň, ýüpekden gelşikli hem saglyk üçin peýdaly keteni matasy dokalyp başlanypdyr. Türkmenlerde gyzamyk çykaran näsaga gyzyl keteni geýdirilipdir.

Täsin tapyndy

Ýaňy ýakynda «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Köýtendagyň eteginde geçirilen geologiki gözlegler netijesinde ýüze çykarylan gadymy jandaryň galyndysyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrdy. Bu tapyndy baryp mundan 150 million ýyl ozal boş içegeliler toparyna degişli bolan merjen polipleridir. Merjen polipleri deňizlerde ýaşaýan köpöýjükli oňurgasyz jandarlardyr. Täze tapyndy ýurdumyzyň diňe ýerasty baýlyklaryna däl-de, eýsem, geologiki-taryhy tapyndylara baýdygyny görkezýär.

Gün deý görkli keteni

Müňýyllyklardan baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary we ajaýyp däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçirilip, kämilleşdirilip, şu günlerimize ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzy ösdürmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Milli dokma önümi bolan keteni dünýäde tara guralynda dokalan ilkinji kämil mata hasaplanýar. Ýönekeýligi, berkligi bilen tapawutlanýan tara guraly erik we tut agaçlaryndan ýasalypdyr. Ahal welaýatynyň çäklerinde tara guralyny has köp ulanypdyrlar. Taraçy zenanlar keteni dokmaçylygynyň gyzykly we täsin sungatdygyny belleýärler. Taradan başga-da, keteni dokamak üçin güle, darak, üzeňňi, naýça, mäki ýaly gurallar peýdalanylypdyr. Gelin-gyzlarymyzyň gözelligine has-da görk goşýan bu matanyň köz ýaly gyzyl reňki gyzgyn mähir berýär, sary zolaklary ýanyp duran oda meňzeýär. Keteni, aslynda, ösümligiň ady bolup, bu at şol ösümlikden taýýarlanan mata geçipdir.

Nalbeki

Halypa ýazyjy, mirasgär Ahmet Halmyradow bir gezek şahyrana halk döredijiligine degişli şeýle goşgy bendini aýtdy: Otyrdym giň sekide, Ýüregim tek-tekide, Goňşym bir aş getirdi, Olam bir nalbekide.

Tyllaýy şelpeleriň owazy

Halkyň ruhy keşbi hasaplanýan milli gymmatlyklarymyzyň köki asyrlaryň jümmüşine aralaşyp gidýär. Türkmeniň ruhy dünýäsini açyp görkezýän sungatymyzyň biri-de zergärçilikdir. Her bir ussanyň özüne mahsus el ýöredişinden görk alan şaý-sepleriň dürli görnüşleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilipdir. Zergärçiligiň inçeliklerine aralaşan ussalar öz senedini şägirtlerine-de öwredipdir. Bu ýörelgäniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi netijesinde-de, bu senet nesilden-nesle geçip gelipdir.

Senetçiligiň gadymy mekany

Türkmen topragy gadymy senetçiligiň mekanydyr. Daş asyryndan başlap, giçki orta asyrlara çenli taryhy ösüşiniň dowamynda bu toprakda senetçiligiň giňden ösendigine şaýatlyk edýän maglumatlara alymlar kän gabat geldiler. Miladydan öňki V — II müňýyllyklaryň şaýady bolan Altyndepe hem şolaryň biridir. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Altyndepäniň senetçiler merkezi bolandygy, külalçylygyň, demirdir daş işläp bejermegiň ösendigi anyklanyldy. Geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde düýe kellesiniň heýkelleriniň, itleriň, atyň bişirilen toýun şekilleriniň tapylmagy Altyndepede beýleki ugurlar bilen bir hatarda sungatyň-da ösendigini görkezýär. Muňa bu ýerden tapylan bezegli keramika önümleri, dürli toýun heýkeller, daş, bürünç we kümüş möhür-tumarlar, monjuklardyr beýleki sungat eserleri hem şaýatlyk edýär.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Gadymy ýadygärliklere, taryhy ýerlere baý Lebap topragynda geçirilýän «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjylar şu gün — 13-nji oktýabrda ir säherde welaýat kitaphanasynyň giň zalyna ýygnandylar. Ol ýerde ylmy-amaly maslahaty bolup geçdi. Maslahatda «Maddy däl medeni miras ÝUNESKO-nyň sanawynda», «Geçmişden şu güne çenli türk amaly-haşam sungatynyň taryhy taýdan kämilleşmegi», «Türkmen halyçylyk sungaty —umumadamzat gymmatlygy», «Agaç ussaçylygynyň milli tejribeleri», «Türkmen milli amaly-haşam sungatynyň nakgaşçylyk eserlerindäki öwüşginleri», «Türkmen zergärçiliginiň milli bezeg sungaty» ýaly temalarda çykyşlar diňlenildi.

Öwüşginli senediň ussady

Festiwala gatnaşyjylaryň arasynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň medeniýet öýüniň artisti, taraçy zenan Aýsenem Myradowa hem bar. Ol tarada düýpli gyňaç, alaça, keteni ýaly matalary dokaýar. Ýüpek sapaklardan göýä älemgoşaryň reňklerini çaýýan deý owadan matalary dokaýan gelniň sazlaşykly hereketlerini senet muşdaklary haýran galyp synlaýarlar. Onuň elindäki mäki saçyň tary ýaly inçe ýüpek erişleriň içinden bir eýläk, bir beýläk ýyldyrym çaltlygynda geçýär. Ezber zenan aýaklaryny gezekleşdirip basyp, taranyň daragyny hem kakyp ýetişýär.

Heýkellerde janlanan dünýä

Türkmenabat şäherinde geçirilýän «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çägindäki sergide kalp ylhamyndan joşgun alyp, gözellige teşne göreçleri dokundyrýan eserler ýaýbaňlandyrylýar. Serginiň sermaýalarynyň arasynda ildeşlerimiziň döredijilik işleri hem aýratyn orny tutýar. Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň heýkel bölüminiň mugallymy, halk ussasy Maksat Şyhyýewiň agaçlardan ýonup döreden heýkelleri halkymyzyň ruhy dünýäsiniň sungatdaky şekilleri bolup göz öňümizde janlanýar. Onuň «Jan Watanym, Türkmenistan!» atly eserinde ulanan her bir şekili taryhymyzy «gürledýär», döwrümiziň ruhuny çeper suratlandyrýar. Maksat Şyhyýewiň «Nury Halmämmedow» atly eserindäki ýaýlanyň ýazyna ýaraşýan ýagyşlar, sähranyň al gülleri, älemgoşar ýaly şekillerde Gurbannazar Ezizowyň sözlerine meşhur kompozitoryň döreden «Türkmen sährasy» atly aýdymynyň manysy açylyp görkezilýär. Amaly-haşam sungatynda gaýtalanmajak özboluşly heýkelleri bilen möhrüni goýan ussanyň «Magtymguly Pyragy» atly işi akyldar şahyryň Köpetdagyň etegindäki ýadygärliginiň agaçdan ýasalan görnüşidir. Halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň şägirdi Maksat Şyhyýewiň her bir ülşi özüne maýyl edýän, jadyly tilsimler bilen gurşalan eserlerinde on iki süňňüňi yzarlap gidýän mukamlaryň jadysy bar. Onuň «Külalçylyk», «Sumbar nagmalary», «Halkyň Arkadagly zamana

Toý-baýramyň buşlukçysy

«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala Farap etrap medeniýet öýüniň işgäri, daýra, deprek ussasy Fahruddin Jümmiýew hem gatnaşýar. Saz gurallary, olary ýasamak sungaty bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Ol özüniň sungatyny bu ajaýyp halkara festiwalynda diňe bir watandaşlarymyz bilen däl, eýsem, daşary ýurtly senetçiler bilen paýlaşýar. — Kakylyp çalynýan saz gurallary gadymy döwürlerden bäri dünýäniň çar künjegine ýaýrap, türki halklaryň, sol sanda türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Kakylyp çalynýan saz gurallarynyň iň naýbaşysy hem deprek hasaplanylýar. Bu saz guraly ähli ýerde belent sesi bilen toýlaryň şowhunyny artdyrýar. Has dogrusy, ol göwünleri göteriji, toý-baýramyň buşlukçysydyr.

Ile döwlet geler bolsa....

Ýurdumyzda bitýän ot-çöpleriň tas ählisi dermanlyk häsiýete eýedir. Mukaddes topragymyzdaky ösümlikleriň käbirinden bolsa saz gurallary ýasalýar. Suwly ýaplaryň, derýalaryň boýunda ösýän gamyş muňa mysaldyr. Bu ösümlikden ýakymly owazy bilen diňleýjileri maýyl edýän dilli we gargy tüýdükler ýasalýar. Adaty ösümlikden şeýle jadyly saz guralyny ýasaýan ussalara bolsa: «Aperin!» diýýärsiň. Men hem indi on ýyldan bäri tüýdük ýasamak bilen meşgullanyp gelýärin. Meniň ilkinji halypam Bally Kadyrowdyr. 90 ýaşy arka atan goja hem sazanda, hem tüýdükçi ussa hökmünde ýurdumyzda giňden tanalýar. Ol dürli ýyllarda Türkiýede, Russiýada, Özbegistanda geçirilen festiwallarda çykyş edip, milli aýdym-saz sungatymyzyň dünýä ýaýylmagyna saldamly goşant goşdy. Bally aganyň tüýdükde ýerine ýetirýän «Söýgüli ýarym», «Gelinler» ýaly sazlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylýar.

Tymsallar

Söýgi we aýralyk Söýgi bilen Aýralyk giň meýdanyň gyrasynda duruşlaryna iki ýaş juwany synlaýardylar.

Synag eleginde elenip wagtyň, senedi sungata öwrüldi halkyň

«Sungat» diýmek «Gözellik» diýmegi aňladýar. Gözelligiň bar ýerinde bolsa, dost-doganlyk, agzybirlik, asudalyk, jebislik, parahatçylyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, ynanyşmak... mahlasy, gowulyklar diýlende ýadyňa düşýän ähli zat bar. Çünki gözellik diňe gowulyklaryň ählisi bitewüleşen mahaly döreýär. Hut şoňa görä-de, gözel niýetlerden pürepür göwünler elmydama dünýäniň gözelliginiň gözleginde. Gözellige aşyk göwünleri bolsa, türkmen kalby ýaly giň sähralar, edil şol «bahar meýlisinde seýrana çykylýan sähralar» ýaly türkmen milli halylary, şol halylary on barmagynyň hünärine öwren türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslarydyr şaý-sepleri, bir söz bilen aýdanymyzda, halkymyzyň sungata öwrülen senedi özüne kökerýär. Şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak ugrundaky beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda çalt depginler bilen dowam etdirilýär. Bilşimiz ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 30-njy sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimize gadymy Lebap topragynda şu ýylyň 12 — 14-nji oktýabrynda geçiriljek «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi we onuň meýilnamasy hödürlenildi. Şoňa laýyklyk-da hem, he

Milli miras — medeni miras

Alaja nähili taýýarlanylýar? Alajanyň gözden-dilden goraýandygyna külli türkmen ynanýar. Bu ynanç halkymyzyň dogabitdi ruhunda bar. Türkmen halky çagajyklarynyň, uly gyzlarynyň, aýratyn-da, bedew atlarynyň boýnuna-da alaja dakypdyr. Alaja dakmak türkmenlerde iň ýörgünli dessurdyr. Biz çaga sallançagynda-da, boýnunda-da, gyz-gelinleriň saçynda-da, ulaglarda-da, jaýlarda-da, mallaryň boýnunda-da dürli alajalary görýändiris. Ýöne ak bilen garadan garylyp işilen alaja asyl nusgadyr.

Syrly senet

Türkmen halkynyň belli saz gurallarynyň biri-de dutar saz guralydyr. Türkmen halky dutaryň kädisini tut agajyndan ýasapdyr. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp, ony tamdyryň çoguna ýakyp, bejeripdirler. Şonuň üçin hem oňa “tamdyra-da” diýilýär. Dutaryň iki sany kirşi, iki sany gulagy bolup, ol dutaryň kirişlerini berkitmekde we çalynjak saza görä kirişlerini sazlamakda esasy hyzmaty ýerine ýetirýär. Dutaryň on üç sany perdesi bolup, şol perdeler arkaly bagşylar dürli owazly sazlary, aýdymlary döredipdirler, sazandalar saz çalypdyrlar. Dutaryň döreýşi barada şeýle rowaýat bar. Ir wagtlar ady rowaýata öwrülen Kaknus diýen guş bolupdyr. Ol örän owadan sesi bilen, adamlaryň göwnüni açypdyr. «Kaknus guşuň owazy» diýen gadymy sazam şondan döräpdir. Günleriň bir güni ýurduň patyşasy keselläpdir. Göripler hökümdara Kaknus guşuň etini iýmegi maslahat berýärler. Patyşa guşuň kellesini iýip gutulýar. Aý aýlanyp, günler geçýär. Guşuň owazyndan mahrum bolan adamlaryň arasyna göwnüçökgünlik, sussupeslik aralaşýar. Muny aňan hökümdar ussa baryny ýygnap Kaknus guşuň owazyny gaýtalaýan saz guralyny ýasamagy tabşyrýar. Muny ussalar başarmaýarlar. Gezek Babagammara gelende şol guşuň kellesini bir göräýsem diýýär. Ol ony görüp, hakykatdanam, Kaknus guşuň kellesine meňzäp duran dutary ýasaýar. Şondan soň ol dutaryň piri hasaplanýar.

Keşdeçilik sungatyna bagyşlandy

Şu gün – 12-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň,  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan—ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty – umumadamzat mirasy» atly gibrid görnüşli halkara maslahaty geçirildi. Halkara maslahatyň rus dilinde geçirilmegini aýratyn bellemek gerek. Doganlyk rus dilinde ýaňlanan çykyşlarda ene-mamalarymyzdan miras bolup galan milli keşdeçilik sungatymyzyň döreýşi, görnüşleri, aýratynlyklary, nepisligi we gözelligi barada durlup geçildi. Oňa onlaýn görnüşde gatnaşan goňşy Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan döwletleriniň wekilleriniň çykyşlarynda hem zenanlarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen döreýän owadan keşdeleriň waspy ýetirildi.

Halkara festiwal dabaralara beslenýär

Şu gün — 12-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Welaýat merkezinde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda açylan bu festiwala ýerli ýaşaýjylar, ýazyjy-şahyrlarymyz, sungat ussatlarymyz bilen bir hatarda, dünýäniň ençeme döwletinden gelen myhmanlar gatnaşdy.

Türkmen alabaýlarynyň şöhraty

Alabaý itleriniň döreýiş taryhyny öwrenmekde hormatly alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» kitaby bize ajaýyp gollanmadyr. Bu dürdäne eserde Gahryman Arkadagymyz: «It bilen adam mundan 12 — 15 müň ýyl ozal dostlaşan» diýip belleýär. Bu mezolit döwrüne, ýagny orta daş asyrlaryna gabat gelýär. Şeýlelikde, itleri ilkinji mezolit döwründe eldekileşdiripdirler diýip arkaýyn belläp bolar. Ýene bir zady bellemek gerek, it dünýä alymlarynyň tassyklamagyna görä, adamzadyň ilkinji eldekileşdiren haýwany hasaplanýar. Jeýtundepede geçirilen arheologiýa barlaglarynyň dowamynda adamlaryň ýaşaýan öýleriniň töwereginde beýleki haýwanlar bilen bir hatarda, itleriň süňkleriniň bolmagy hem muny subut edýär. Şeýle hem şol döwre — täze daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginden tapylan Türkmenistanda iň gadymy diwar bezegleriniň arasynda beýleki käbir haýwanlar bilen bir hatarda türkmen alabaýynyň keşbiniň hem bolmagy baryp şol döwürden başlap türkmen alabaýlaryna uly sarpa goýlandygyna, olaryň halkymyzyň durmuşynda uly orna eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

Milli mirasyň waspy

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şu ýylyň 12-14-nji oktýabrynda geçiriljek «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Onda bu festiwalyň geçirilmeginiň halkara derejesindäki ähmiýeti dogrusynda bellenildi. Bu foruma dünýäniň birnäçe döwletleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Ýokary derejedäki halkara festiwal milli mirasymyzy wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Onda türkmeniň senetçiligi, amaly-haşam sungaty bilen baglanyşykly işler görkezilýär.

Myhmansöýerlik — türkmeniň mukaddes däbi

Türkmen halky asylly gylyk-häsiýetleri, edep-ekramlylygy, ulyny sylap, kiçä hormat goýşy, şeýle-de myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Halkymyzyň şeýle özboluşly edim-gylymlary, döwletlilik ýörelgeleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Halkymyz hemişe myhmansöýerlik dessurlaryna uly ähmiýet beripdir, «Öý ýaraşygy — çaga, supra ýaraşygy — myhman» diýen ajaýyp nakyly döredipdir. Ata-babalarymyz myhmanyň gelmegini döwletlilik hasaplapdyrlar. Bu asylly ýörelge barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýörite bölüm bolup, onda şeýle beýan edilýär: «Myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biridir. Çünki bu däp-dessurlar adamlaryň özara ýakynlaşmagynyň iň ynamly serişdesidir. Bu ýerde ýakynlyk öz bähbidiň däl-de, il-uluslaryň bähbidi babatda umumy wezipeleri seljermäge synanyşyk edilmegindedir».