Milli mirasyň waspy

11 Oktýabr 2022
738

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şu ýylyň 12-14-nji oktýabrynda geçiriljek «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Onda bu festiwalyň geçirilmeginiň halkara derejesindäki ähmiýeti dogrusynda bellenildi. Bu foruma dünýäniň birnäçe döwletleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Ýokary derejedäki halkara festiwal milli mirasymyzy wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Onda türkmeniň senetçiligi, amaly-haşam sungaty bilen baglanyşykly işler görkezilýär.

«Mugallymlar gazeti».