Gün deý görkli keteni

14 Oktýabr 2022
682

Müňýyllyklardan baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary we ajaýyp däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçirilip, kämilleşdirilip, şu günlerimize ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzy ösdürmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Milli dokma önümi bolan keteni dünýäde tara guralynda dokalan ilkinji kämil mata hasaplanýar. Ýönekeýligi, berkligi bilen tapawutlanýan tara guraly erik we tut agaçlaryndan ýasalypdyr. Ahal welaýatynyň çäklerinde tara guralyny has köp ulanypdyrlar. Taraçy zenanlar keteni dokmaçylygynyň gyzykly we täsin sungatdygyny belleýärler. Taradan başga-da, keteni dokamak üçin güle, darak, üzeňňi, naýça, mäki ýaly gurallar peýdalanylypdyr. Gelin-gyzlarymyzyň gözelligine has-da görk goşýan bu matanyň köz ýaly gyzyl reňki gyzgyn mähir berýär, sary zolaklary ýanyp duran oda meňzeýär. Keteni, aslynda, ösümligiň ady bolup, bu at şol ösümlikden taýýarlanan mata geçipdir.

Annagözel NAZAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.