Keşdeçilik sungatyna bagyşlandy

12 Oktýabr 2022
1294

Şu gün – 12-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň,  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan—ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty – umumadamzat mirasy» atly gibrid görnüşli halkara maslahaty geçirildi.

Halkara maslahatyň rus dilinde geçirilmegini aýratyn bellemek gerek. Doganlyk rus dilinde ýaňlanan çykyşlarda ene-mamalarymyzdan miras bolup galan milli keşdeçilik sungatymyzyň döreýşi, görnüşleri, aýratynlyklary, nepisligi we gözelligi barada durlup geçildi. Oňa onlaýn görnüşde gatnaşan goňşy Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan döwletleriniň wekilleriniň çykyşlarynda hem zenanlarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen döreýän owadan keşdeleriň waspy ýetirildi.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».