Ylmy-amaly maslahat geçirildi

13 Oktýabr 2022
666

Gadymy ýadygärliklere, taryhy ýerlere baý Lebap topragynda geçirilýän «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjylar şu gün — 13-nji oktýabrda ir säherde welaýat kitaphanasynyň giň zalyna ýygnandylar. Ol ýerde ylmy-amaly maslahaty bolup geçdi.

Maslahatda «Maddy däl medeni miras ÝUNESKO-nyň sanawynda», «Geçmişden şu güne çenli türk amaly-haşam sungatynyň taryhy taýdan kämilleşmegi», «Türkmen halyçylyk sungaty —umumadamzat gymmatlygy», «Agaç ussaçylygynyň milli tejribeleri», «Türkmen milli amaly-haşam sungatynyň nakgaşçylyk eserlerindäki öwüşginleri», «Türkmen zergärçiliginiň milli bezeg sungaty» ýaly temalarda çykyşlar diňlenildi.

«Zenan kalby».