Täsin tapyndy

18 Oktýabr 2022
828

Ýaňy ýakynda «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Köýtendagyň eteginde geçirilen geologiki gözlegler netijesinde ýüze çykarylan gadymy jandaryň galyndysyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrdy. Bu tapyndy baryp mundan 150 million ýyl ozal boş içegeliler toparyna degişli bolan merjen polipleridir. Merjen polipleri deňizlerde ýaşaýan köpöýjükli oňurgasyz jandarlardyr.

Täze tapyndy ýurdumyzyň diňe ýerasty baýlyklaryna däl-de, eýsem, geologiki-taryhy tapyndylara baýdygyny görkezýär.

«Edebiýat we sungat»