Türkmen alabaýlarynyň şöhraty

12 Oktýabr 2022
698

Alabaý itleriniň döreýiş taryhyny öwrenmekde hormatly alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» kitaby bize ajaýyp gollanmadyr. Bu dürdäne eserde Gahryman Arkadagymyz: «It bilen adam mundan 12 — 15 müň ýyl ozal dostlaşan» diýip belleýär. Bu mezolit döwrüne, ýagny orta daş asyrlaryna gabat gelýär. Şeýlelikde, itleri ilkinji mezolit döwründe eldekileşdiripdirler diýip arkaýyn belläp bolar.

Ýene bir zady bellemek gerek, it dünýä alymlarynyň tassyklamagyna görä, adamzadyň ilkinji eldekileşdiren haýwany hasaplanýar. Jeýtundepede geçirilen arheologiýa barlaglarynyň dowamynda adamlaryň ýaşaýan öýleriniň töwereginde beýleki haýwanlar bilen bir hatarda, itleriň süňkleriniň bolmagy hem muny subut edýär. Şeýle hem şol döwre — täze daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginden tapylan Türkmenistanda iň gadymy diwar bezegleriniň arasynda beýleki käbir haýwanlar bilen bir hatarda türkmen alabaýynyň keşbiniň hem bolmagy baryp şol döwürden başlap türkmen alabaýlaryna uly sarpa goýlandygyna, olaryň halkymyzyň durmuşynda uly orna eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.