Milli miras — medeni miras

12 Oktýabr 2022
1058

Alaja nähili taýýarlanylýar?

Alajanyň gözden-dilden goraýandygyna külli türkmen ynanýar. Bu ynanç halkymyzyň dogabitdi ruhunda bar. Türkmen halky çagajyklarynyň, uly gyzlarynyň, aýratyn-da, bedew atlarynyň boýnuna-da alaja dakypdyr. Alaja dakmak türkmenlerde iň ýörgünli dessurdyr. Biz çaga sallançagynda-da, boýnunda-da, gyz-gelinleriň saçynda-da, ulaglarda-da, jaýlarda-da, mallaryň boýnunda-da dürli alajalary görýändiris. Ýöne ak bilen garadan garylyp işilen alaja asyl nusgadyr.