Ketenim — milli lybasym

18 Oktýabr 2022
536

Gelin-gyzlarymyzyň milli egin-eşigi bolan keteni gadymylygy bilen bellidir. Dünýäde meşhurlyk gazanan keteni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly şäherler bolan Merwde, Nusaýda dokalypdyr. Halk arasynda keteniniň döreýşi, onuň meşhurlygynyň syry barada rowaýat bar.

Rowaýatda aýdylyşyna görä, günlerde bir gün lapykeç halda barýan ýigidiň öňünden bir ýaşuly çykyp, onuň halyndan habar alýar. Ýigit ýarawsyz ejesine hiç hili em tapyp bilmeýändigini aýdýar. Şonda ýaşuly ýigide tut agajyna gurçuk goýberip, ýapraklaryndan pile saradyp, onuň ýüpek süýüminden bolsa, tebigy ösümlik bolan çöpboýa boýalan gyrmyzy reňkde mata dokadyp, köýnek geýdirmegi maslahat berýär. Ýaşulynyň maslahatyna eýeren ýigidiň ejesi täsinlik bilen keselinden saplanýar. Şondan soň, ýüpekden gelşikli hem saglyk üçin peýdaly keteni matasy dokalyp başlanypdyr. Türkmenlerde gyzamyk çykaran näsaga gyzyl keteni geýdirilipdir.

Zyýada AHMEDOWA,
Akdepe etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.