Senetçiligiň gadymy mekany

13 Oktýabr 2022
530

Türkmen topragy gadymy senetçiligiň mekanydyr. Daş asyryndan başlap, giçki orta asyrlara çenli taryhy ösüşiniň dowamynda bu toprakda senetçiligiň giňden ösendigine şaýatlyk edýän maglumatlara alymlar kän gabat geldiler. Miladydan öňki V — II müňýyllyklaryň şaýady bolan Altyndepe hem şolaryň biridir. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Altyndepäniň senetçiler merkezi bolandygy, külalçylygyň, demirdir daş işläp bejermegiň ösendigi anyklanyldy.

Geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde düýe kellesiniň heýkelleriniň, itleriň, atyň bişirilen toýun şekilleriniň tapylmagy Altyndepede beýleki ugurlar bilen bir hatarda sungatyň-da ösendigini görkezýär. Muňa bu ýerden tapylan bezegli keramika önümleri, dürli toýun heýkeller, daş, bürünç we kümüş möhür-tumarlar, monjuklardyr beýleki sungat eserleri hem şaýatlyk edýär.

Aýbibi ALTYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.