Heýkellerde janlanan dünýä

12 Oktýabr 2022
579

Türkmenabat şäherinde geçirilýän «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çägindäki sergide kalp ylhamyndan joşgun alyp, gözellige teşne göreçleri dokundyrýan eserler ýaýbaňlandyrylýar. Serginiň sermaýalarynyň arasynda ildeşlerimiziň döredijilik işleri hem aýratyn orny tutýar.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň heýkel bölüminiň mugallymy, halk ussasy Maksat Şyhyýewiň agaçlardan ýonup döreden heýkelleri halkymyzyň ruhy dünýäsiniň sungatdaky şekilleri bolup göz öňümizde janlanýar. Onuň «Jan Watanym, Türkmenistan!» atly eserinde ulanan her bir şekili taryhymyzy «gürledýär», döwrümiziň ruhuny çeper suratlandyrýar. Maksat Şyhyýewiň «Nury Halmämmedow» atly eserindäki ýaýlanyň ýazyna ýaraşýan ýagyşlar, sähranyň al gülleri, älemgoşar ýaly şekillerde Gurbannazar Ezizowyň sözlerine meşhur kompozitoryň döreden «Türkmen sährasy» atly aýdymynyň manysy açylyp görkezilýär. Amaly-haşam sungatynda gaýtalanmajak özboluşly heýkelleri bilen möhrüni goýan ussanyň «Magtymguly Pyragy» atly işi akyldar şahyryň Köpetdagyň etegindäki ýadygärliginiň agaçdan ýasalan görnüşidir. Halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň şägirdi Maksat Şyhyýewiň her bir ülşi özüne maýyl edýän, jadyly tilsimler bilen gurşalan eserlerinde on iki süňňüňi yzarlap gidýän mukamlaryň jadysy bar. Onuň «Külalçylyk», «Sumbar nagmalary», «Halkyň Arkadagly zamanasy», «Türkmen bedewleri» ýaly işleri kalp gözelliginden wysal bolan zehiniň parçasydyr. Maksadyň döredijiligi bolsa dünýä halklarynyň wekillerine türkmeniň senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň ýeten belent derejesini açyp görkezýändigi üçin ähmiýetli hem-de örän gyzykly.

Mahym ROZYÝEWA.