Toý-baýramyň buşlukçysy

12 Oktýabr 2022
828

«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala Farap etrap medeniýet öýüniň işgäri, daýra, deprek ussasy Fahruddin Jümmiýew hem gatnaşýar. Saz gurallary, olary ýasamak sungaty bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Ol özüniň sungatyny bu ajaýyp halkara festiwalynda diňe bir watandaşlarymyz bilen däl, eýsem, daşary ýurtly senetçiler bilen paýlaşýar.

— Kakylyp çalynýan saz gurallary gadymy döwürlerden bäri dünýäniň çar künjegine ýaýrap, türki halklaryň, sol sanda türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Kakylyp çalynýan saz gurallarynyň iň naýbaşysy hem deprek hasaplanylýar. Bu saz guraly ähli ýerde belent sesi bilen toýlaryň şowhunyny artdyrýar. Has dogrusy, ol göwünleri göteriji, toý-baýramyň buşlukçysydyr.

Maral ITALMAZOWA.