Öwüşginli senediň ussady

12 Oktýabr 2022
593

Festiwala gatnaşyjylaryň arasynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň medeniýet öýüniň artisti, taraçy zenan Aýsenem Myradowa hem bar. Ol tarada düýpli gyňaç, alaça, keteni ýaly matalary dokaýar.

Ýüpek sapaklardan göýä älemgoşaryň reňklerini çaýýan deý owadan matalary dokaýan gelniň sazlaşykly hereketlerini senet muşdaklary haýran galyp synlaýarlar. Onuň elindäki mäki saçyň tary ýaly inçe ýüpek erişleriň içinden bir eýläk, bir beýläk ýyldyrym çaltlygynda geçýär. Ezber zenan aýaklaryny gezekleşdirip basyp, taranyň daragyny hem kakyp ýetişýär.

Mahym AKYÝEWA.