"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Zer gadyryny zergär biler

Ata-babalarymyzdan miras galan, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz häzirki günlerde ýokary derejede hormatlanyp, nesilden-nesle geçip gelýär. Nepisligi, owadanlygy bilen gyz-gelinlerimiziň nurana keşplerine mähremlik çaýýan şaý-seplerimiz hem diňe türkmen ilimizde däl, eýsem, dünýä meşhur milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Şol gymmatlygy döredýän ýaş zehinli zergärlerimiziň biri hem Köneürgenç şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň zergär mugallymy Sapargeldi Begjanowdyr. Biz döredijilik toparymyz bilen Sapargeldi zergäriň iş ýerine baran pursadymyz ol okuwçylara şaý-sep ýasamagyň inçe tärlerini yhlas bilen öwredýärdi. Sapak tamamlanandan soňra, mugallym bizi güler ýüz bilen garşy aldy. — Sapargeldi mugallym, zergärçilik sungatyna gelmegiňize näme sebäp boldy? Kim ýa-da näme itergi berdi? Şolar dogrusynda gürrüňimizi başlasak...

Ahlak dünýäsiniň altyn gapysy

Arkadagly Serdarymyz: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip belleýär. Şeýlelikde, halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden edebi-pedagogik mirasyny öwrenmek, milli terbiýäni ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak babatda uly tagallalar edilýär. Türkmenleriň kitaba goýýan hormaty uludyr. Bu barada Magtymguly atamyz: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Çünki kitap kalby päkleýär, paýhasy kämilleşdirýär, kitap dil we ruhy baýlygy kemala getirýär. Kitap okaýan adam durmuşda aňsat ýalňyşmaýar, onuň ruhy maslahatçysy hemişe kömege ýetişip, durmuşda duş gelýän päsgelçiliklere döz gelmek üçin erki kemala getirýär. Her halkyň döreden edebiýaty şol halkyň ahlak gönezligini özünde jemleýär. Bu babatda, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Awesta», «Oguznamalar», «Kitaby dädem Gorkut», «Görogly» şadessany, Magtymgulynyň eserleri islendik döwrüň diline, ruhuna laýyk gelýän, akylyňy kökerýän hazynamyzdyr. Şeýle mirasy bolan halkyň taryhy manylydyr, durmuş tejribesine baýdyr.

Sagdynlygyň çeşmesi

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildiniň halkymyza gowuşmagy ýurdumyzda her bir raýatyň baş saglygy ugrunda ählitaraplaýyn we yzygiderli alada edilýänliginiň subutnamasydyr. Bu ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky tomunda ene topragymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň 118-siniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy dogrusynda täsirli maglumatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başlan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary türkmen halkynyň köpasyrlyk tebipçilik mirasyny döwrebap lukmançylyk tärleri bilen utgaşdyrmagyň kämil nusgadaky dowamydyr. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary okyjylara eziz Diýarymyzyň baý we täsin topragy, jana şypa beriji melhemlik ot-çöpleri, halkymyzyň gadymyýetden gelýän milli tebipçilik däpleri hem-de lukmançylyk tejribesi bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Yzygiderli neşir edilýän kitaplarda dermanlyk çig mallary hökmünde ösümlikleriň gülüni, miwesini, ýapragyny, gabygyny, tohumyny we şiresini ýygnamagyň senenamasynyň hem-de olaryň saklanyş möhletiniň görkezilmegi ondan her bir adamyň özbaşdak peýdalanyp bilmegini şertlendirýär.

Örküçli tumar — halk kalbynyň aýnasy

Üstümizdäki ýylyň noýabr aýynyň 1 — 3-i aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary iki dostlukly ýurduň taryhynda täze sahypany açdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko halkymyzyň milli amaly-haşam sungatynyň nusgasy bolan tumary sowgat berdi. Halkymyzyň nurana kalbynyň aýnasy bolan bu ajaýyp sowgat ýüreklerde iň ýakymly duýgulary oýardy. Gojaman taryhyň gatyna siňen ýüzýyllyklara ser salanyňda, halkymyzyň zergärçilik işiniň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyna göz ýetirmek bolýar. Dünýä medeniýetiniň altyn ojagy bolan Marguş, Altyndepe, Nusaý, Änew, Maşady-Misserian düzlüklerinden halk durmuşyna degişli tapylan milli gymmatlyklaryň arasynda şaý-sepleriň bolmagy muny aýdyň subut edýär. Ata-babalarymyz şaý-sepleri adamlaryň ýaşyny göz öňünde tutup ýasapdyrlar. Çagalara, uly gyzlara, gelinlere, orta ýaşan zenanlara, enelere niýetlenip ýasalan şaý-sepler bir-birinden tapawutlanypdyr. Hünärli gollardan çykan şeýle nusgalaryň hatarynda milli öwüşginli tumar aýratyn orna eýedir.

Kürte

Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň keşdeçilik sungatynyň naýbaşy görnüşleri kürtelerde görkezilýär. Türkmen zenanlarynyň sünnäläp döreden kürtelerinde dürli nagyşlaryň ussatlyk bilen keşdelenendigini görmek bolýar. Gelin-gyzlar nepis keşdelerine öz arzuw-hyýallaryny siňdiripdirler. Ussat keşdeçiler kürteleri nagyşlamakda ak, sary, gyzyl we gara reňkli ýüpeklerden peýdalanypdyrlar. Kürteler elde dokalan keteniden ýanly biçüwde tikilýär. Türkmen sähralarynyň ýaýylyp ýatan gyzyl gülälekli meýdanyny ýatladyp duran köz ýaly gyzyl kürteler toý güni çykjak gyzyň başyna atylýar. Gyzyl kürtäniň ýakasyna «gülýaýdy», «tegbent», goçagyna «içýanagzy» ýaly nagyşlar keşdelenipdir. Ýaşyl reňk halkymyzda ýaşlygyň, juwanlygyň alamaty hasaplanypdyr. Şonuň üçin ýaşyl kürteleri ýaş gelinler atynypdyr. Ýaşyl kürtäniň ýakasyna, etegine, ýeňine bolsa, «tegbent», «gülýaýdy», «goçak» nagyşlary salnypdyr. Ene-mamalarymyzyň döreden bu sungaty, jadyly hem ajaýyp hünärdir. Häzirki wagtda kürteler muzeý gymmatlygy hökmünde Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň Etnografiýa bölüminde hemişelik sergide görkezilýär we ylmy esasda öwrenilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen keşdeçilik sungatyny has-da kämilleşdirip, döwrebap görnüşde baýlaşdyrýan gelin-gyzlarymyz däp-dessurlarymyzy, milli el işlerimizi ýaş nesle ýetirmekde yhlaslaryny gaýgyranoklar. Munuň özi bu aj

Magtymguly we Görogly — türkmen ruhy dünýäsiniň iki ägirdi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy bilen ady rowaýata öwrülen gahryman Görogly begiň arasynda göze ilmeýän inçeden baglanyşyk bar. Eýsem, aýry-aýry döwürlerde ýaşap geçen bu iki şahsyýetiň arasyndaky ruhy mynasybet nämäniň esasynda ýüze çykdyka?! Megerem, bu ägirtleri göze ilmesiz baglanyşdyrýan zat olaryň Watanyna, il-gününe bolan söýgüsidir. Il-günüň derdini göterýän, agysyna aglap, begenjine begenýän ýürekler hemişe bir perdeden gopýar. Görogly beg türkmen halkynyň daşynyň galasy bolsa, dana Magtymguly ruhy taýdan halka goldaw beren, synan göwünleri galkyndyran beýik şahs. Ikinji tarapdan bolsa, halk döredijiligi eserleri bilen birlikde, «Görogly» eposynyň, hut Görogly begiň keşbiniň şahyryň döredijiliginiň gözli çeşmesidigini nygtap geçmelidiris. Çünki Magtymguly Pyragynyň birleşmek, bir agza bakmak baradaky taglymatynyň, goç ýigitler baradaky pikirleriniň aňyrsynda döşüni gapak ýaly edip, beg Göroglynyň nusgalyk keşbi dur. Bu ahwal şahyryň döredijiliginde ýiti duýulýar. Dana atamyz özüniň şygyrlarynda Göroglynyň edebi keşbine köp ýüzlenýär: Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,Görogly gardaşy, serhoşdyr seri.

Medeni mirasyň sarpasy

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitleýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň döredilmegi hem milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmekde we wagyz etmekde möhüm ähmiýetli boldy. Türkmenistan 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, şondan bäri onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup çykyş edýär. Soňky birnäçe ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty bilen doldurylmagy-da munuň aýdyň mysallarydyr. Şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ählumumy ulgamyna Aşgabady «Dizaýn», Türkmenabady «Senetler we halk döredijiligi», Mary şäherini bolsa «Edebiýat» ugurlary boýunça girizmek göz öňünde tutulýar.

Marguş — gadymy ýadygärlik

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa «Türkmenistan. Goňurdepe — Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri» atly tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda ussatlyk — açyk sapagyny geçirdi. Sapagy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirligi we Türkmen döwlet medeniýet instituty bilelikde gurady. N.Dubowa talyp ýaşlara akademik Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Marguş şalygynyň ylmy taýdan öwrenilip başlananyna 50 ýyl dolýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi. Şu geçen ýyllaryň içinde bu ýerde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijeleri we ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň dünýäniň ösen medeniýeti diýlip ykrar edilen gadymy taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtdugy barada jikme-jik gürrüň berdi. Ýörite monitor arkaly görkezilen slaýdlar Marguş şalygynyň geçmiş-taryhy, ol ýerden tapylan tapyndylar we şu günlerde alnyp barylýan işler barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik döretdi. Ylmy-barlag işleri geçirilende, Goňurdepeden tapylan gymmat bahaly zenan ysyrgalary, iň gadymy arabalar, üstünden dört müň ýyl geçen möhürler, ilkinji demir temençe barada alymyň beren gürrüňleri ýaşlar üçin örän täsirli

Dil açýаn gymmatlyklar

Garaşsyz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli mirasymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, öwrenmek, olary ýaş nesillere ýetirmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň ýurdumyzyň çar künjeginde ýerleşýän muzeýlerdir beýleki medeni ojaklarda hem dowam etdirilmegi baý taryhymyzy giňişleýin öwrenmekde uly mümkinçilikleri döredýär. Mary welaýatynyň Tagtabazar etraby-da halkymyzyň geçmiş taryhyndan söz açýan medeni ýadygärliklere baý. Pendi jülgesinden, Murgap derýasynyň boýlarynda bu toprakda beýik medeniýetiň, sungatyň bolandygyna şaýatlyk edýän taryhy gymmatlyklara kän duşmak bolýar. Gadymyýetde Beýik ýüpek ýolunyň bir şahasynyň hut şu toprakdan geçendigine Tagtabazar etrabyndaky 12-nji orta mekdepde hereket edýän «Hakyda» muzeýine baryp göreniňde hem göz ýetirmek bolýar. Muzeýde etrabyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklaryň hünärmenler tarapyndan ylmy esasda öwrenilmegi barada hem alada edilýär.

Goňurhan — dost wepasynyň nusgasy

Mälim bolşy ýaly,  30-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şol bäsleşigiň netijeleri boýunça «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Gulluk itşynaslygy merkezinde ýetişdirilen Goňurhan atly alabaý mynasyp boldy. Bu ajaýyp üstünlik bilen bagly ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmek maksady bilen, Goňurhany ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Gulluk itşynaslygy merkeziniň müdiri, polisiýanyň maýory Ýazmyrat TÖRÄÝEWE ýüz tutduk. — Ýazmyrat aga, yhlasyňyz gowşupdyr, gutly bolsun Şa serpaýyňyz!

Milli gymmatlygyň belent sarpasy

Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaralarynda beýanyny tapdy Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen alabaýlary, ahalteke bedewleri, ajaýyp halylarymyz we beýlekiler halkymyzyň naýbaşy milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar ýaly düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler. Dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolan türkmen alabaýy eýesine wepadarlygy, gaýduwsyzlygy bilen bütin dünýäde tanalýar.

Tumar

Golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen baranda, dostlukly ýurduň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko türkmen zenanlarynyň däp bolan şaý-sepleriniň birini — tumary sowgat berdi. Milli öwüşginler halkara hyzmatdaşlygyň wakalaryna hem, gör, nähili ýaraşyk berýär!

Dünýe maly

Türkmen halkynyň milli mirasy bolan halk döredijilik eserlerinde, ertekilerde, rowaýatlarda, nakyllarda düýelere örän uly orun berilýär. Ol eserleriň mazmunynyň dürli-dürlüligine garamazdan, düýeler pähimli, asylly, adalatly, çydamly, namysjaň, baýlyk we rysgal getirýän jandar hökmünde suratlandyrylýar. Mysal üçin, «Akpamyk» atly türkmen halk ertekisinde ak maýanyň süýdüniň keramaty beýan edilýär. Düýäniň süýdi adamlaryň saglygy üçin örän peýdaly, ýakymly bolup, ondan taýýarlanylýan çalyň we agaranyň birnäçe keselleriň öňüni alýan lukmançylyk häsiýetleri bardyr. Düýäniň süýdi aşgazan we içege kesellerini, inçekeseli, sarygetirmäni bejermekde, şeýle-de witamin ýetmezçiliginiň öňüni almakda peýdalydyr. Düýäniň süýdünde beýleki iýmitlerde seýrek duş gelýän D we С witaminler toplumy bolup, ýaglylygy sygyr süýdünden ýokarydyr.

Senedi sarpalaýan deprekçi

Türkmençilikde depregiň sesiniň ýeten ýerinde bagtyýarlygyň höküm sürýändigine ynanylýar. Bu saz guraly maşgala ojaklarynda döwletliligiň, berekediň artmagyna sebäp bolýar. Halkymyzda «Deprek her bir öýde bolmaly, çünki bu saz guraly mydama öý eýeleriniň gapysynda toý tutulmagyny dileýär» diýen ynanç bar. Pederlerimiziň ýol-ýörelgesini, hatda janly-jandarlaryň tebigatyny açyp görkezýän bu saz guraly toý-baýramyň buşlukçysy hökmünde giňden ulanylýar. Farap etrabynyň medeniýet merkeziniň sazandasy Fahritdin Jümmiýewiň türkmeniň 72 saz guralynyň iň naýbaşylarynyň biri bolan deprekde çalýan sazlary diňleýjileriň göwünlerini göterýär. Ol indi 20 ýyldan bäri bu saz guralyna kämil erk edýän sazanda, şol bir wagtda-da ony ýasaýan ussa hökmünde giňden tanalýar. Onuň kakasy Rejep Jümmiýew hem öz döwrüniň ussat deprek ussasy eken. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, Fahritdin kämillik ýaşyna ýeten döwürleri kakasy Rejep agadan bu senediň inçe syrlaryny öwrenýär.

Hünäriň hormaty

Ata-babalarymyz gadym döwürlerden bäri ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen meşgullanypdyrlar. Olar altyndan, kümüşden, gymmatbaha daşlardan şaý-sepleri, demirden zähmet gurallaryny ýasapdyrlar. Şonuň bilen bir wagtda dokmaçylyk, agaçdan dürli esbaplary ýasamaklyk hem giňden ösüpdir. Derýa ýakasynda ýaşan pederlerimiz bolsa derýanyň kenarynda ösýän ösümlikler bolan ýekenden, gamyşdan, galamdan dürli görnüşli hojalyk esbaplaryny ýasap, olary sungat derejesine ýetiripdirler. Senetçilige öwrülen bu hünärler nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize-de gelip ýetipdir. Muny ýabany ýekenden dürli görnüşli hojalyk esbaplaryny ýasamagy başarýan Kerki etrabynyň Gabasakgal obasynyň ýaşaýjysy, etrapdaky 25-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Ýaban Azizowyň işlerinde hem aýdyň görmek bolýar. Senetçiligiň bu görnüşi bilen gyzyklanyp, Ýaban aga bilen söhbetdeş bolduk. Ol ýabany ýeken ösümligi, ondan taýýarlanylýan önümler, olaryň peýdasy hakynda şeýle gürrüň berdi: — Ýabany ýekeniň iki görnüşi bolup, olaryň uzyn, ýagny, boýy 2,5 metre ýetýän görnüşine «ýeken», beýlekisine bolsa «ýekenek» diýilýär. Ýeken berk bolýar, ýekenek bolsa berk bolmaýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz ýekenegi örülmedik ýagdaýda düşegiň aşagyndan ýazypdyrlar. Jaýlaryň üsti basyrylanda, ýekenegi ulanypdyrlar. Çünki ýekenekden çyg geçmeýär. Ýekenden bolsa ýekendüşek, ojakbaşy, zagama, gawun-garpyz daşamak üçin iki bölekd

Parasatly pikirler

Geçen gün ― taryh. Ertirki gün ― matal.

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Öz iliniň bagşysydy Metbugatda çap edilen makalalarymyň hersini aýratynlykda goýuşdyryp otyrkam, birmahalky ulanan ýandepderçämde gözüm eglendi. Şonda duýdansyz süýnen ýyldyz ýaly bolup aramyzdan ir giden körpe bagşy Gulbaba Akyýew barada eden ýazgylarym maňa uly täsir etdi. Körpe bagşynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly käbir pursatlary okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildim.

Altmyş ýyly arka atan

Men 1958-nji ýylda harby gullugy tamamlap, Içeri işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirliginiň Mary şäher bölüminde işläp başladym. Günlerde bir gün meni biraýlyk dynç alşa goýberdiler. Elime bolsa, Içeri işler ministrliginiň Pöwrizedäki dynç alyş öýüne ýollanma berdiler. Birnäçe gün dynç alanymyzdan soň, dynç alýanlar bilen duşuşyk geçirmek üçin Aşgabatdan şahyrlardyr ýazyjylar toparynyň gelendigini yglan etdiler. Topara ýaşuly şahyr Anna Kowusow ýolbaşçylyk edýän ekeni. Toparda Anna Kowusowdan başga-da ýurdumyzda meşhurlyk gazanan Kerim Gurbannepesow, Akjemal Omarowa, Wadim Zubarew we ýene-de rus milletinden ýazyjylar bardy. Ilki bilen Anna Kowusow öz ýazan goşgularyndan üç-dört sanysyny okady we goşgy okamak gezegini rus şahyry Wadim Zubarewe berdi. Ol ellerini galgadyp, dört-bäş sany goşgusyny okap berdi. Soňra Akjemal Omarowa öz ýazan şygyrlaryndan birnäçesini okady.

Sungatyň aşygy

Halkymyzyň senetçilik, zergärçilik sungaty asyrlardan asyrlara aşyp, kämillik derejesine eýe bolýar. Häzirki wagtda bu sungat ussat zergärlerimiz tarapyndan täze-täze nusgalaryň üsti bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýär. Olaryň çyn zehininden döreýän älemgoşar öwüşginli sungat eserlerini synladygyňça synlasyň gelýär. Sebäbi olaryň her birinde özboluşly gözellik bar. Şol gözelligi döretmegi başarýan ussatlara täsin sungatyň aşyklary diýesiň gelýär. Ine, zergärçilik sungatyna maýyl bolup, onuň gizlin syrlaryny, inçe ýollaryny kemsiz öwrenmegi çagalygyndan arzuw eden Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly haşam sungaty kafedrasynyň zergärçilik bölüminiň mugallymy Aýjemal Çaryýewanyň hem arzuwy wysalyna gowuşdy. Ol häzirki wagtda ýurdumyzda ussat zergärleriň hatarynda tanalýar. Bu täsin sungata bolan söýgüsi barada söhbet etmegi makul bilip, ýakynda onuň bilen söhbetdeş bolduk. — Aýjemal mugallym, gürrüňdeşligimizi zergärçilik sungatyna gelşiňizden başlaýalyň.

Türkmeniň milli gymmatlygy

Türkmen alabaýy dünýädäki iň gadymy it tohumlaryndan biridir. Arheologlar ýurduň çäginde gulaklary we guýrugy kesilen itleriň terrakota heýkellerini birnäçe gezek tapdylar. Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri baradaky ilkinj taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir. gadymy Altyndepe galasynda (biziň eýýamymyzdan ozalky 2000-nji ýyl) geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem-de häzirkizaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri tapyldy. Alabaý itleriniň taryhyna, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlary içgin öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda itleriň tohumynyň gelip çykyşy, ösdürilişi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Öz arassalygyny hem-de gadymy tohum görnüşini saklap galan itleriň täsin neslini halkymyzyň milli gymmatlygy diýip, doly ynam bilen aýdyp bolar. Türkmen alabaýyny dosty, maşgalanyň agzasy hökmünde görýär. Milli taryhy we medeni mirasymyzy gorap saklamak, olary wagyz etmek nesilleriň mukaddes borjudyr. Alabaý iti türkmeniň milli medeni mirasynyň gaýtalanmajak gymmatlygydyr, halkara möçberindäki sergileriň ajaýyp bezegidir.