Medeni mirasyň sarpasy

4 Noýabr 2022
598

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitleýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň döredilmegi hem milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmekde we wagyz etmekde möhüm ähmiýetli boldy.

Türkmenistan 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, şondan bäri onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup çykyş edýär. Soňky birnäçe ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty bilen doldurylmagy-da munuň aýdyň mysallarydyr. Şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ählumumy ulgamyna Aşgabady «Dizaýn», Türkmenabady «Senetler we halk döredijiligi», Mary şäherini bolsa «Edebiýat» ugurlary boýunça girizmek göz öňünde tutulýar.

Gözel KADYRBERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.