Kürte

8 Noýabr 2022
1278

Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň keşdeçilik sungatynyň naýbaşy görnüşleri kürtelerde görkezilýär. Türkmen zenanlarynyň sünnäläp döreden kürtelerinde dürli nagyşlaryň ussatlyk bilen keşdelenendigini görmek bolýar. Gelin-gyzlar nepis keşdelerine öz arzuw-hyýallaryny siňdiripdirler. Ussat keşdeçiler kürteleri nagyşlamakda ak, sary, gyzyl we gara reňkli ýüpeklerden peýdalanypdyrlar. Kürteler elde dokalan keteniden ýanly biçüwde tikilýär. Türkmen sähralarynyň ýaýylyp ýatan gyzyl gülälekli meýdanyny ýatladyp duran köz ýaly gyzyl kürteler toý güni çykjak gyzyň başyna atylýar. Gyzyl kürtäniň ýakasyna «gülýaýdy», «tegbent», goçagyna «içýanagzy» ýaly nagyşlar keşdelenipdir. Ýaşyl reňk halkymyzda ýaşlygyň, juwanlygyň alamaty hasaplanypdyr. Şonuň üçin ýaşyl kürteleri ýaş gelinler atynypdyr. Ýaşyl kürtäniň ýakasyna, etegine, ýeňine bolsa, «tegbent», «gülýaýdy», «goçak» nagyşlary salnypdyr.

Ene-mamalarymyzyň döreden bu sungaty, jadyly hem ajaýyp hünärdir. Häzirki wagtda kürteler muzeý gymmatlygy hökmünde Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň Etnografiýa bölüminde hemişelik sergide görkezilýär we ylmy esasda öwrenilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen keşdeçilik sungatyny has-da kämilleşdirip, döwrebap görnüşde baýlaşdyrýan gelin-gyzlarymyz däp-dessurlarymyzy, milli el işlerimizi ýaş nesle ýetirmekde yhlaslaryny gaýgyranoklar. Munuň özi bu ajaýyp sungatyň dowamat-dowam boljagyny alamatlandyrýar.

Tawus GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň uly ylmy işgäri, Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy.