Sagdynlygyň çeşmesi

8 Noýabr 2022
531

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildiniň halkymyza gowuşmagy ýurdumyzda her bir raýatyň baş saglygy ugrunda ählitaraplaýyn we yzygiderli alada edilýänliginiň subutnamasydyr. Bu ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky tomunda ene topragymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň 118-siniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy dogrusynda täsirli maglumatlar berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başlan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary türkmen halkynyň köpasyrlyk tebipçilik mirasyny döwrebap lukmançylyk tärleri bilen utgaşdyrmagyň kämil nusgadaky dowamydyr. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary okyjylara eziz Diýarymyzyň baý we täsin topragy, jana şypa beriji melhemlik ot-çöpleri, halkymyzyň gadymyýetden gelýän milli tebipçilik däpleri hem-de lukmançylyk tejribesi bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Yzygiderli neşir edilýän kitaplarda dermanlyk çig mallary hökmünde ösümlikleriň gülüni, miwesini, ýapragyny, gabygyny, tohumyny we şiresini ýygnamagyň senenamasynyň hem-de olaryň saklanyş möhletiniň görkezilmegi ondan her bir adamyň özbaşdak peýdalanyp bilmegini şertlendirýär.

Ogulkeýik ÝOLLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynyň müdiri.