Dünýe maly

2 Noýabr 2022
590

Türkmen halkynyň milli mirasy bolan halk döredijilik eserlerinde, ertekilerde, rowaýatlarda, nakyllarda düýelere örän uly orun berilýär. Ol eserleriň mazmunynyň dürli-dürlüligine garamazdan, düýeler pähimli, asylly, adalatly, çydamly, namysjaň, baýlyk we rysgal getirýän jandar hökmünde suratlandyrylýar. Mysal üçin, «Akpamyk» atly türkmen halk ertekisinde ak maýanyň süýdüniň keramaty beýan edilýär.

Düýäniň süýdi adamlaryň saglygy üçin örän peýdaly, ýakymly bolup, ondan taýýarlanylýan çalyň we agaranyň birnäçe keselleriň öňüni alýan lukmançylyk häsiýetleri bardyr. Düýäniň süýdi aşgazan we içege kesellerini, inçekeseli, sarygetirmäni bejermekde, şeýle-de witamin ýetmezçiliginiň öňüni almakda peýdalydyr. Düýäniň süýdünde beýleki iýmitlerde seýrek duş gelýän D we С witaminler toplumy bolup, ýaglylygy sygyr süýdünden ýokarydyr.

Merjen GAÝYPOWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.