Türkmeniň milli gymmatlygy

1 Noýabr 2022
782

Türkmen alabaýy dünýädäki iň gadymy it tohumlaryndan biridir. Arheologlar ýurduň çäginde gulaklary we guýrugy kesilen itleriň terrakota heýkellerini birnäçe gezek tapdylar. Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri baradaky ilkinj taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir. gadymy Altyndepe galasynda (biziň eýýamymyzdan ozalky 2000-nji ýyl) geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem-de häzirkizaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri tapyldy.

Alabaý itleriniň taryhyna, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlary içgin öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda itleriň tohumynyň gelip çykyşy, ösdürilişi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Öz arassalygyny hem-de gadymy tohum görnüşini saklap galan itleriň täsin neslini halkymyzyň milli gymmatlygy diýip, doly ynam bilen aýdyp bolar. Türkmen alabaýyny dosty, maşgalanyň agzasy hökmünde görýär. Milli taryhy we medeni mirasymyzy gorap saklamak, olary wagyz etmek nesilleriň mukaddes borjudyr. Alabaý iti türkmeniň milli medeni mirasynyň gaýtalanmajak gymmatlygydyr, halkara möçberindäki sergileriň ajaýyp bezegidir.

Maksat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubunyň başlygy.