Zer gadyryny zergär biler

9 Noýabr 2022
505

Ata-babalarymyzdan miras galan, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz häzirki günlerde ýokary derejede hormatlanyp, nesilden-nesle geçip gelýär. Nepisligi, owadanlygy bilen gyz-gelinlerimiziň nurana keşplerine mähremlik çaýýan şaý-seplerimiz hem diňe türkmen ilimizde däl, eýsem, dünýä meşhur milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Şol gymmatlygy döredýän ýaş zehinli zergärlerimiziň biri hem Köneürgenç şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň zergär mugallymy Sapargeldi Begjanowdyr. Biz döredijilik toparymyz bilen Sapargeldi zergäriň iş ýerine baran pursadymyz ol okuwçylara şaý-sep ýasamagyň inçe tärlerini yhlas bilen öwredýärdi. Sapak tamamlanandan soňra, mugallym bizi güler ýüz bilen garşy aldy.

— Sapargeldi mugallym, zergärçilik sungatyna gelmegiňize näme sebäp boldy? Kim ýa-da näme itergi berdi? Şolar dogrusynda gürrüňimizi başlasak...