Örküçli tumar — halk kalbynyň aýnasy

8 Noýabr 2022
496

Üstümizdäki ýylyň noýabr aýynyň 1 — 3-i aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary iki dostlukly ýurduň taryhynda täze sahypany açdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko halkymyzyň milli amaly-haşam sungatynyň nusgasy bolan tumary sowgat berdi. Halkymyzyň nurana kalbynyň aýnasy bolan bu ajaýyp sowgat ýüreklerde iň ýakymly duýgulary oýardy.

Gojaman taryhyň gatyna siňen ýüzýyllyklara ser salanyňda, halkymyzyň zergärçilik işiniň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyna göz ýetirmek bolýar. Dünýä medeniýetiniň altyn ojagy bolan Marguş, Altyndepe, Nusaý, Änew, Maşady-Misserian düzlüklerinden halk durmuşyna degişli tapylan milli gymmatlyklaryň arasynda şaý-sepleriň bolmagy muny aýdyň subut edýär. Ata-babalarymyz şaý-sepleri adamlaryň ýaşyny göz öňünde tutup ýasapdyrlar. Çagalara, uly gyzlara, gelinlere, orta ýaşan zenanlara, enelere niýetlenip ýasalan şaý-sepler bir-birinden tapawutlanypdyr. Hünärli gollardan çykan şeýle nusgalaryň hatarynda milli öwüşginli tumar aýratyn orna eýedir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.