Ahlak dünýäsiniň altyn gapysy

9 Noýabr 2022
497

Arkadagly Serdarymyz: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip belleýär. Şeýlelikde, halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden edebi-pedagogik mirasyny öwrenmek, milli terbiýäni ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak babatda uly tagallalar edilýär.

Türkmenleriň kitaba goýýan hormaty uludyr. Bu barada Magtymguly atamyz: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Çünki kitap kalby päkleýär, paýhasy kämilleşdirýär, kitap dil we ruhy baýlygy kemala getirýär. Kitap okaýan adam durmuşda aňsat ýalňyşmaýar, onuň ruhy maslahatçysy hemişe kömege ýetişip, durmuşda duş gelýän päsgelçiliklere döz gelmek üçin erki kemala getirýär. Her halkyň döreden edebiýaty şol halkyň ahlak gönezligini özünde jemleýär. Bu babatda, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Awesta», «Oguznamalar», «Kitaby dädem Gorkut», «Görogly» şadessany, Magtymgulynyň eserleri islendik döwrüň diline, ruhuna laýyk gelýän, akylyňy kökerýän hazynamyzdyr. Şeýle mirasy bolan halkyň taryhy manylydyr, durmuş tejribesine baýdyr.

Maral ANNAGULYÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň direktory.