Senedi sarpalaýan deprekçi

2 Noýabr 2022
794

Türkmençilikde depregiň sesiniň ýeten ýerinde bagtyýarlygyň höküm sürýändigine ynanylýar. Bu saz guraly maşgala ojaklarynda döwletliligiň, berekediň artmagyna sebäp bolýar. Halkymyzda «Deprek her bir öýde bolmaly, çünki bu saz guraly mydama öý eýeleriniň gapysynda toý tutulmagyny dileýär» diýen ynanç bar. Pederlerimiziň ýol-ýörelgesini, hatda janly-jandarlaryň tebigatyny açyp görkezýän bu saz guraly toý-baýramyň buşlukçysy hökmünde giňden ulanylýar.

Farap etrabynyň medeniýet merkeziniň sazandasy Fahritdin Jümmiýewiň türkmeniň 72 saz guralynyň iň naýbaşylarynyň biri bolan deprekde çalýan sazlary diňleýjileriň göwünlerini göterýär. Ol indi 20 ýyldan bäri bu saz guralyna kämil erk edýän sazanda, şol bir wagtda-da ony ýasaýan ussa hökmünde giňden tanalýar. Onuň kakasy Rejep Jümmiýew hem öz döwrüniň ussat deprek ussasy eken. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, Fahritdin kämillik ýaşyna ýeten döwürleri kakasy Rejep agadan bu senediň inçe syrlaryny öwrenýär.

Mahym ROZYÝEWA.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.