Sungatyň aşygy

1 Noýabr 2022
861

Halkymyzyň senetçilik, zergärçilik sungaty asyrlardan asyrlara aşyp, kämillik derejesine eýe bolýar. Häzirki wagtda bu sungat ussat zergärlerimiz tarapyndan täze-täze nusgalaryň üsti bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýär. Olaryň çyn zehininden döreýän älemgoşar öwüşginli sungat eserlerini synladygyňça synlasyň gelýär. Sebäbi olaryň her birinde özboluşly gözellik bar. Şol gözelligi döretmegi başarýan ussatlara täsin sungatyň aşyklary diýesiň gelýär. Ine, zergärçilik sungatyna maýyl bolup, onuň gizlin syrlaryny, inçe ýollaryny kemsiz öwrenmegi çagalygyndan arzuw eden Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly haşam sungaty kafedrasynyň zergärçilik bölüminiň mugallymy Aýjemal Çaryýewanyň hem arzuwy wysalyna gowuşdy. Ol häzirki wagtda ýurdumyzda ussat zergärleriň hatarynda tanalýar. Bu täsin sungata bolan söýgüsi barada söhbet etmegi makul bilip, ýakynda onuň bilen söhbetdeş bolduk.

— Aýjemal mugallym, gürrüňdeşligimizi zergärçilik sungatyna gelşiňizden başlaýalyň.

Söhbetdeş bolan Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.