Milli gymmatlygyň belent sarpasy

3 Noýabr 2022
631

Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaralarynda beýanyny tapdy

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen alabaýlary, ahalteke bedewleri, ajaýyp halylarymyz we beýlekiler halkymyzyň naýbaşy milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar ýaly düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler. Dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolan türkmen alabaýy eýesine wepadarlygy, gaýduwsyzlygy bilen bütin dünýäde tanalýar.