Magtymguly we Görogly — türkmen ruhy dünýäsiniň iki ägirdi

8 Noýabr 2022
569

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy bilen ady rowaýata öwrülen gahryman Görogly begiň arasynda göze ilmeýän inçeden baglanyşyk bar. Eýsem, aýry-aýry döwürlerde ýaşap geçen bu iki şahsyýetiň arasyndaky ruhy mynasybet nämäniň esasynda ýüze çykdyka?! Megerem, bu ägirtleri göze ilmesiz baglanyşdyrýan zat olaryň Watanyna, il-gününe bolan söýgüsidir. Il-günüň derdini göterýän, agysyna aglap, begenjine begenýän ýürekler hemişe bir perdeden gopýar. Görogly beg türkmen halkynyň daşynyň galasy bolsa, dana Magtymguly ruhy taýdan halka goldaw beren, synan göwünleri galkyndyran beýik şahs. Ikinji tarapdan bolsa, halk döredijiligi eserleri bilen birlikde, «Görogly» eposynyň, hut Görogly begiň keşbiniň şahyryň döredijiliginiň gözli çeşmesidigini nygtap geçmelidiris. Çünki Magtymguly Pyragynyň birleşmek, bir agza bakmak baradaky taglymatynyň, goç ýigitler baradaky pikirleriniň aňyrsynda döşüni gapak ýaly edip, beg Göroglynyň nusgalyk keşbi dur. Bu ahwal şahyryň döredijiliginde ýiti duýulýar. Dana atamyz özüniň şygyrlarynda Göroglynyň edebi keşbine köp ýüzlenýär:

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri.

Ýazgül BEŞEROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.