"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Kümüş iňňe, altyn sapak

Pederlerimiziň nepis senetleriniň naýbaşy görnüşleri kämil sungat derejesine ýetirilip, gözelligiň nusgasyna öwürilipdir. Şeýle senetleriň biri-de türkmeniň milli tikinçilik we keşdeçilik sungatydyr. Bu senetler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň tebigat bilen ýakynlygy dokmaçylyk, keşdeçilik we tikinçilik senetlerinde-de aýdyň ýüze çykýar. Asyrlaryň dowamynda nepis matalar ak pagtadandyr kümüşsöw çäçden taýýarlanylyp, ýüpleri boýamak üçin tebigatyň dürli ot-çöplerinden, gül-güläleklerinden, ir-iýmişlerdir miwelerden alnan reňbe-reň boýaglar peýdalanylypdyr.

Çagalarda akyl oýunlarynyň peýdasy

Nurly geljegimiz bolan ýaş nesli watançylyk, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Çagalaryň sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmagynda akyl oýunlarynyň hem ähmiýeti uludyr. Akyl oýunlary diňe bir güýmenje bolman, eýsem, beýniniň işjeňligini artdyrýar. Bulardan başga-da akyl oýunlary çagalaryň zyýanly endiklerden daşda durup, wagtlaryny hoş geçirmeklerinde ähmiýetli hasaplanylýar. Şol bir wagtda-da bu oýunlary yzygiderli oýnamak ukyplaryň hem ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Gülapdan

Güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, rejelemäge, aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilen. Şeýle gymmatlyklaryň arasynda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Daşmetjit halk hünärleri muzeýiniň arheologiýa zalynyň sergi tekjesinde ýerleşdirilen täsin tapyndylaryň biri bolan gülapdan hem bardyr. Bu tapyndy «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda hereket edýän arheologiýa tapyndylarynyň ylmy-rejeleýiş ussahanasyna goraghananyň hünärmenleri iş tejribesini artdyrmaga baran mahaly rejelendi. Gülapdan XIV asyr bilen senelenýär. Ol kaşin keramikadan taýýarlanylyp, daş ýüzi gök (kobalt) reňkli syrça bilen örtülip, örän nepislik bilen ýasalypdyr. Syrçanyň aşagy arça we nokatlar şekilli, erňegi we bokurdagy gara reňk bilen çyzylypdyr. Gülapdan güberçekli gunça güller bilen bezelipdir. Munuň özi tapyndynyň gözelligine aýratyn bir nepislik çaýýar.

Agarçäkmen

Gadymy döwürlerden bäri toýlaryň bezegi, hormat-sarpanyň nyşany hasaplanylan milli lybaslarymyzyň biri-de agarçäkmendir. Agarçäkmen ýylyň ähli pasyllarynda geýlipdir. Çünki ol gyşda ygal, çyg, tomusda bolsa jöwza geçirmeýär. Gadymy döwürde agarçäkmen atlary suwa ýakmak üçin nowa hökmünde hem ulanylypdyr. Gum içinde guýularyň başynda çägäni gazyp, çukur edipdirler. Şol çukuryň içine çäkmenlerini ýazyp, üstüne suw guýup, atlaryny suwa ýakypdyrlar. Bu bolsa türkmen çäkmeniniň suw geçmez derejede syk dokalandygyny görkezýär. Agarçäkmeni syrkawlykdan açylsyn diýen yrym bilen syrkaw adamyň egnine atypdyrlar. Eli çeper gelin-gyzlarymyz «Agarçäkmen etegi, etegi guşlar ýatagy...» diýip, onyň adyny monjugatdy bentlerinde taryp edipdirler.

Miras

Heýkel Heýkel — bu ýaşy birçene baran zenanlaryň çep gerdeninden asyp dakynýan şaýydyr. Heýkel dört burç gapyrjak şekilinde bolup, onuň ýerligi kümüşden ýasalyp, gaýşyň ýüzüne berkidilýär. Kümüşiň ýüzüne bolsa, Hakyň nury siňen hakyk daşlaryndan gaş oturdylýar we gyzyl çaýylýar. “Herrek”, “Hüwi” nagyşlary salynýar. Onuň gerdenden asar ýaly edilip ýasalan gaýyş bagynyň ýüzi kümüşden bolan owunjak guşdözi ýa-da goç buýnuzy bilen bezelýär we oňa heýkelbag, ýa bolmasa, gyýykbag diýilýär. Halk arasynda bu şaýyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly rowaýat hem bar.

Beýik şahsyýeti ýatlap...

Ylmy magtymguly äkitdi Magtymguly Şirgazy medresesinde üç ýyl okap, ýurduna gaýdypdyr. Ondan soň onuň sapakdaşlary: “Magtymguly halypamyzdy, bilmedik ýerimizi öwrederdi, goşgy bilen göwnümizi götärdi, indi, kim onuň ýerini tutup biler, haýsymyzyň ylmymyz känkä?” diýip, özara jedelleşip başlapdyrlar. Medresede ders berýän hezreti Pälwan talyplaryň jedelini eşidip:

Milli mirasyň sarpasy belent tutulýar

Her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Medeni miras halkyň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan milli-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gözleriniň göreji ýaly gorap, nesillerimize miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli medeniýetimiziň barha baýlaşdyrylmagy, onuň döwrebap hukuk goragynyň üpjün edilmegi ilkinji nobatda, pederlerimizden şu günlerimize ýeten maddy we maddy däl mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesle geçirilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy-medeni, maddy hem-de maddy däl mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyklykda rejelemek işlerine aýratyn ähmiýet berlip, döwrebap öwüşginlerde dikeldilýär. Dünýäniň häzirki innowasion we nanotehnologiýalar döwründe bolsa, täzeçillikleriň, innowasion oýlap tapyşlaryň, senagat önümçiligiň, sanly ulgamyň ileri tutulmagy bilen birlikde, her bir halkyň millilik gymmatlygyna ählumumy der

Oguz paýhasy — dowamat-dowam

Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydyr. Bu günki gün bu ruhy hazynany bütin dünýä ykrar edýär we oňa uly hormat goýýar. Muny TÜRKSOÝ medeni halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyjynyň biragyzdan goldanylmagy hem aýdyň subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň milli we ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge döredýän giň mümkinçilikleri beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mirasyna has içgin aralaşmaga ýol açýar. Sözden dür ýasan ussadyň her bir setiri müň öwüşginli. Ony ylmy esasda derňewe salmak bolsa, juda wajyp. Şu nukdaýnazardan çen tutup, makalamyzda nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden miras galan öwüt-ündewler bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gabat gelýän käbir setirleri deňeşdirme usulynda oguz paýhasynyň asyrlaryň dowamynda şygryýetde dowam edip gelendigini ýüze çykarmagy maksat edindik.

Şygryýet äleminiň şamçyragy

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň halkyna miras goýan dürdäneli mirasyny dünýä ýaýmakda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyz: “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün bütin adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar” diýip, örän jaýdar belleýär.

Şaý-seplerde gözellik bar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan, sergi zallaryny bezeýän milli şaý-sepler owadanlygy, şeýle hem gymmatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Olar irki döwürlerden galan mirasymyz bolup, şol döwürlerde hem medeniýetimiziň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Ol şaý-sepleriň aglaba bölegi kümüşden ýasalandyr. Çünki kümşüň adam saglygy üçin örän peýdalydygy irki döwürlerden bäri ykrar edilipdir. Kümüş adamyň bedenindäki kesel döredijileri ýok edýär, bedende ganyň aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Keselleri ýok etmek häsiýetine eýe bolanlygy üçin uzak ýola giden täjirler ýanyndaky suwy gutaran halatynda ýata suwlary arassalamak maksady bilen, suw gaplarynyň içine kümüş şaýlaryny atypdyrlar.

“Magtymguly sözlär tili türkmeniň”

Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda belleniler. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ýubileýe taýýarlyk işleri eýýäm başlandy. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar. Ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistan döwletimiz üçin möhüm kararlary - Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda kararlary kabul etdiler. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Bu sarpany aňryýany bilen subut

Söýgi siňen sungat

Seniň nagyşlaryňda Haýyryň ak ýoly bar,Oňatlaryň päli bar,Yşkyň elwan güli bar,Seniň nagyşlaryňda.

«Totuguş dilli dessan»

(Rowaýat) Bir gün ýagy çozup Hajygowşana,Talanypdyr öýler, talanypdyr il.«Dogduk depe» diýilse-de towşana,Gidipdir ogullar olja, gyz — ýesir.

Akyldar şahyryň hormatyna

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dagdan çogup çykýan arassa çeşmäniň suwy kimin şypalydyr, säheriň howasy ýaly tämizdir. Ol şygyrlardan ajaýyp çemen bogup, ony milletine miras galdyrdy. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýerlerde dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň biri welaýat merkezindäki 25-nji orta mekdepde geçirildi. «Magtymguly ynsan göwünleriniň aýdymçysy» diýlip atlandyrylan edebi duşuşyk mekdebiň baýry mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalynyň eýesi Bazargül Öwezowa tarapyndan täsirli guraldy. Edebi duşuşykda mekdebiň okuwçylary beýik şahyryň şygyrlaryny labyzly okadylar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akadow, Kerki etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ahmet Abdullaýew, Türkmenabat şäherindäki hytaý diline ýöriteleşdirilen 14-nji orta mekdebiň mugallymy Narmeňli Kalandarowa we beýlekiler çykyş edip, Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge we dünýäde wagyz etmäge Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň çynlakaý üns berýändigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de şahyryň öňe süren pikirleriniň şamçyrag bolup ýolumyza ýagty saçýandyny buýsançly nygtadylar. Edebi duşuşygyň dowamy şirin labyzly aýdym-sazlara utgaşyp gitdi.

Muny bilmek gyzykly

Ýüpek gurçugynyň pilesinden taýýarlanylan ýüpek matalar, takmynan, 5000 ýyldan bäri adamzat durmuşynda giňden ulanylyp gelinýär. * * *

Keçe barada kelam agyz

Gadym eýýamlarda bir baýyň owadan, görmegeý, edepli aýaly bolupdyr. Günlerde bir gün ol agyr derde uçrapdyr. Onuň iýmän-içmän gün-günden sary sapaga dönüp barşyna haýpy gelen baý aýalynyň derdine derman tapana uly sylag berjekdigi barada jar çekdirýär. Ýöne şonda-da onuň aýalynyň derdine melhem tapylmandyr. Bir gün aýaly başyny ýassykdan galdyryp, arassa howa çykmagy ýüregine düwüp, ysgynsyz halda öýden çykýar. Ol bir ýerden owlak- -guzularyň sesini eşidip, şol tarapa ýöreýär. Bu aýal süriniň golaýyna baranyndan mallar tisginip, hersi bir tarapa tazykýar. Ýöne bir akja guzy eýlesine-beýlesine geçip, süýkenip başlaýar. Ol zenan guzynyň endamyny sypap oturyşyna keseliniň pessaýlap ugranyny syzyp, öz süňňünde bir üýtgeşikligiň bolup geçýändigini duýýar we goýun ýüňünde bir syryň barlygyny aňýar. Şondan soň ol özi ýaly zenanlar bilen goýun ýüňünden keçe etmäge başlaýar. Şeýlelikde, ak we gara boz keçeler, gülli keçeler, gyragaraly we iki ýan ýüzi hem gülli keçeler gelip çykypdyr.

“Maru — şahu jahanyň” arhiwinden.

Gündogarşynas alym Galina Anatolýewna Pugaçenkowa bilen meşhur mirasgär Ümür Esen gadymy Merwde Bureýdalaryň ýadygärliginiň ýanynda.

Halkyň genji-hazynasy

Haly düşek törde ýagşy Türkmen halysy diýilse, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan millionlarça adamlar ony düşek ýa-da bezeg üçin diwardan asylýan görnüşde göz öňüne getirýärler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: “Haly düşek törde ýagşy” diýýär. Emma gelin-gyzlarymyzyň zehin eleginden geçirip dokan haly önümleriniň durmuşyň başga halatlary üçin hem niýetlenenleri-de juda köp. Ine, şolaryň käbirleri.

Däbim — dessurym

Telpek bilen baglanyşykly aýtgylar we dessurlar Türkmenler telpegiň üsti bilen özleriniň şatlygyny, begenjini beýan edipdirler. Toýda şatlanylanda, bir zada begenilende telpegi göge zyňmak däbi bar. Türkmenleriň arasynda «Pylan zady edip bilseň, telpegiňi göge zyňarsyň” diýen sözleri häli-şindi eşitmek bolýar. Muny şahyr Atamyrat Atabaýewiň:

Bileniň — baýlygyň

Gündogaryň beýik akyldary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy ösen döwletleriň derejesine ýetdi. Taryhda yz galdyran beýik danalarymyzyň durmuş ýoluny, ylmy döredijiligini öwrenmek däbe öwrüldi. Şeýle görnükli şahsyýetleriň biri hem Abu Ali Ibn Sinadyr (Awisenna).