Agarçäkmen

16 Noýabr 2022
440

Gadymy döwürlerden bäri toýlaryň bezegi, hormat-sarpanyň nyşany hasaplanylan milli lybaslarymyzyň biri-de agarçäkmendir.

Agarçäkmen ýylyň ähli pasyllarynda geýlipdir. Çünki ol gyşda ygal, çyg, tomusda bolsa jöwza geçirmeýär. Gadymy döwürde agarçäkmen atlary suwa ýakmak üçin nowa hökmünde hem ulanylypdyr. Gum içinde guýularyň başynda çägäni gazyp, çukur edipdirler. Şol çukuryň içine çäkmenlerini ýazyp, üstüne suw guýup, atlaryny suwa ýakypdyrlar. Bu bolsa türkmen çäkmeniniň suw geçmez derejede syk dokalandygyny görkezýär. Agarçäkmeni syrkawlykdan açylsyn diýen yrym bilen syrkaw adamyň egnine atypdyrlar. Eli çeper gelin-gyzlarymyz «Agarçäkmen etegi, etegi guşlar ýatagy...» diýip, onyň adyny monjugatdy bentlerinde taryp edipdirler.

Gülşirin BEGDURDYÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ýaşaýjysy.