Halkyň genji-hazynasy

9 Noýabr 2022
430

Haly düşek törde ýagşy

Türkmen halysy diýilse, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan millionlarça adamlar ony düşek ýa-da bezeg üçin diwardan asylýan görnüşde göz öňüne getirýärler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: “Haly düşek törde ýagşy” diýýär. Emma gelin-gyzlarymyzyň zehin eleginden geçirip dokan haly önümleriniň durmuşyň başga halatlary üçin hem niýetlenenleri-de juda köp. Ine, şolaryň käbirleri.