Keçe barada kelam agyz

9 Noýabr 2022
497

Gadym eýýamlarda bir baýyň owadan, görmegeý, edepli aýaly bolupdyr. Günlerde bir gün ol agyr derde uçrapdyr. Onuň iýmän-içmän gün-günden sary sapaga dönüp barşyna haýpy gelen baý aýalynyň derdine derman tapana uly sylag berjekdigi barada jar çekdirýär. Ýöne şonda-da onuň aýalynyň derdine melhem tapylmandyr.

Bir gün aýaly başyny ýassykdan galdyryp, arassa howa çykmagy ýüregine düwüp, ysgynsyz halda öýden çykýar. Ol bir ýerden owlak- -guzularyň sesini eşidip, şol tarapa ýöreýär. Bu aýal süriniň golaýyna baranyndan mallar tisginip, hersi bir tarapa tazykýar. Ýöne bir akja guzy eýlesine-beýlesine geçip, süýkenip başlaýar. Ol zenan guzynyň endamyny sypap oturyşyna keseliniň pessaýlap ugranyny syzyp, öz süňňünde bir üýtgeşikligiň bolup geçýändigini duýýar we goýun ýüňünde bir syryň barlygyny aňýar. Şondan soň ol özi ýaly zenanlar bilen goýun ýüňünden keçe etmäge başlaýar. Şeýlelikde, ak we gara boz keçeler, gülli keçeler, gyragaraly we iki ýan ýüzi hem gülli keçeler gelip çykypdyr.