Miras

16 Noýabr 2022
374

Heýkel

Heýkel — bu ýaşy birçene baran zenanlaryň çep gerdeninden asyp dakynýan şaýydyr. Heýkel dört burç gapyrjak şekilinde bolup, onuň ýerligi kümüşden ýasalyp, gaýşyň ýüzüne berkidilýär. Kümüşiň ýüzüne bolsa, Hakyň nury siňen hakyk daşlaryndan gaş oturdylýar we gyzyl çaýylýar. “Herrek”, “Hüwi” nagyşlary salynýar. Onuň gerdenden asar ýaly edilip ýasalan gaýyş bagynyň ýüzi kümüşden bolan owunjak guşdözi ýa-da goç buýnuzy bilen bezelýär we oňa heýkelbag, ýa bolmasa, gyýykbag diýilýär. Halk arasynda bu şaýyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly rowaýat hem bar.