Şygryýet äleminiň şamçyragy

14 Noýabr 2022
552

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň halkyna miras goýan dürdäneli mirasyny dünýä ýaýmakda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyz: “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün bütin adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar” diýip, örän jaýdar belleýär.