Akyldar şahyryň hormatyna

9 Noýabr 2022
484

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dagdan çogup çykýan arassa çeşmäniň suwy kimin şypalydyr, säheriň howasy ýaly tämizdir. Ol şygyrlardan ajaýyp çemen bogup, ony milletine miras galdyrdy. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýerlerde dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň biri welaýat merkezindäki 25-nji orta mekdepde geçirildi. «Magtymguly ynsan göwünleriniň aýdymçysy» diýlip atlandyrylan edebi duşuşyk mekdebiň baýry mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalynyň eýesi Bazargül Öwezowa tarapyndan täsirli guraldy.

Edebi duşuşykda mekdebiň okuwçylary beýik şahyryň şygyrlaryny labyzly okadylar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akadow, Kerki etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ahmet Abdullaýew, Türkmenabat şäherindäki hytaý diline ýöriteleşdirilen 14-nji orta mekdebiň mugallymy Narmeňli Kalandarowa we beýlekiler çykyş edip, Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge we dünýäde wagyz etmäge Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň çynlakaý üns berýändigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de şahyryň öňe süren pikirleriniň şamçyrag bolup ýolumyza ýagty saçýandyny buýsançly nygtadylar. Edebi duşuşygyň dowamy şirin labyzly aýdym-sazlara utgaşyp gitdi.

Ogulbeg PAKYROWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.