Gülapdan

16 Noýabr 2022
459

Güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, rejelemäge, aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilen. Şeýle gymmatlyklaryň arasynda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Daşmetjit halk hünärleri muzeýiniň arheologiýa zalynyň sergi tekjesinde ýerleşdirilen täsin tapyndylaryň biri bolan gülapdan hem bardyr. Bu tapyndy «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda hereket edýän arheologiýa tapyndylarynyň ylmy-rejeleýiş ussahanasyna goraghananyň hünärmenleri iş tejribesini artdyrmaga baran mahaly rejelendi. Gülapdan XIV asyr bilen senelenýär.

Ol kaşin keramikadan taýýarlanylyp, daş ýüzi gök (kobalt) reňkli syrça bilen örtülip, örän nepislik bilen ýasalypdyr. Syrçanyň aşagy arça we nokatlar şekilli, erňegi we bokurdagy gara reňk bilen çyzylypdyr. Gülapdan güberçekli gunça güller bilen bezelipdir. Munuň özi tapyndynyň gözelligine aýratyn bir nepislik çaýýar.

Gurbantäç REJEPOWA,
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.