Milli mirasyň sarpasy belent tutulýar

16 Noýabr 2022
472

Her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Medeni miras halkyň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan milli-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gözleriniň göreji ýaly gorap, nesillerimize miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli medeniýetimiziň barha baýlaşdyrylmagy, onuň döwrebap hukuk goragynyň üpjün edilmegi ilkinji nobatda, pederlerimizden şu günlerimize ýeten maddy we maddy däl mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesle geçirilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy-medeni, maddy hem-de maddy däl mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyklykda rejelemek işlerine aýratyn ähmiýet berlip, döwrebap öwüşginlerde dikeldilýär. Dünýäniň häzirki innowasion we nanotehnologiýalar döwründe bolsa, täzeçillikleriň, innowasion oýlap tapyşlaryň, senagat önümçiligiň, sanly ulgamyň ileri tutulmagy bilen birlikde, her bir halkyň millilik gymmatlygyna ählumumy derejede aýratyn hormat goýulýar, milli aýratynlyklary bilen dünýä medeniýetinde yz galdyran gymmatlyklar ulgamy halkara giňişliginde baýlaşdyrylýar.