Çagalarda akyl oýunlarynyň peýdasy

16 Noýabr 2022
342

Nurly geljegimiz bolan ýaş nesli watançylyk, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Çagalaryň sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmagynda akyl oýunlarynyň hem ähmiýeti uludyr.

Akyl oýunlary diňe bir güýmenje bolman, eýsem, beýniniň işjeňligini artdyrýar. Bulardan başga-da akyl oýunlary çagalaryň zyýanly endiklerden daşda durup, wagtlaryny hoş geçirmeklerinde ähmiýetli hasaplanylýar. Şol bir wagtda-da bu oýunlary yzygiderli oýnamak ukyplaryň hem ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Gülçehra BABAHANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 21-nji «Aýperi» çagalar bagynyň terbiýeçisi.