Oguz paýhasy — dowamat-dowam

15 Noýabr 2022
306

Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydyr. Bu günki gün bu ruhy hazynany bütin dünýä ykrar edýär we oňa uly hormat goýýar. Muny TÜRKSOÝ medeni halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyjynyň biragyzdan goldanylmagy hem aýdyň subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli we ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge döredýän giň mümkinçilikleri beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mirasyna has içgin aralaşmaga ýol açýar. Sözden dür ýasan ussadyň her bir setiri müň öwüşginli. Ony ylmy esasda derňewe salmak bolsa, juda wajyp. Şu nukdaýnazardan çen tutup, makalamyzda nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden miras galan öwüt-ündewler bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gabat gelýän käbir setirleri deňeşdirme usulynda oguz paýhasynyň asyrlaryň dowamynda şygryýetde dowam edip gelendigini ýüze çykarmagy maksat edindik.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.