Kümüş iňňe, altyn sapak

16 Noýabr 2022
423

Pederlerimiziň nepis senetleriniň naýbaşy görnüşleri kämil sungat derejesine ýetirilip, gözelligiň nusgasyna öwürilipdir. Şeýle senetleriň biri-de türkmeniň milli tikinçilik we keşdeçilik sungatydyr. Bu senetler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmen halkynyň tebigat bilen ýakynlygy dokmaçylyk, keşdeçilik we tikinçilik senetlerinde-de aýdyň ýüze çykýar. Asyrlaryň dowamynda nepis matalar ak pagtadandyr kümüşsöw çäçden taýýarlanylyp, ýüpleri boýamak üçin tebigatyň dürli ot-çöplerinden, gül-güläleklerinden, ir-iýmişlerdir miwelerden alnan reňbe-reň boýaglar peýdalanylypdyr.

Jumagül AÇYLOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň kätibi.