Şaý-seplerde gözellik bar

11 Noýabr 2022
478

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan, sergi zallaryny bezeýän milli şaý-sepler owadanlygy, şeýle hem gymmatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Olar irki döwürlerden galan mirasymyz bolup, şol döwürlerde hem medeniýetimiziň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Ol şaý-sepleriň aglaba bölegi kümüşden ýasalandyr. Çünki kümşüň adam saglygy üçin örän peýdalydygy irki döwürlerden bäri ykrar edilipdir.

Kümüş adamyň bedenindäki kesel döredijileri ýok edýär, bedende ganyň aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Keselleri ýok etmek häsiýetine eýe bolanlygy üçin uzak ýola giden täjirler ýanyndaky suwy gutaran halatynda ýata suwlary arassalamak maksady bilen, suw gaplarynyň içine kümüş şaýlaryny atypdyrlar.

Täzegül EMIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.