"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmen halysy milliligiň gözbaşy

Türkmen halysy — munda halkyň özboluşly ruhy medeniýeti, baý içki dünýäsi, göwün islegi, halyçy gelin-gyzlarymyzyň taýsyz çeperçilik ukyby öz beýanyny tapypdyr. On barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren halyçylyk sungatynyň inçeligi, nepisligi ony döredijileriň ýokary ussatlygynyň, köpasyrlyk tejribesiniň netijesi hökmünde öňe çykýar. Gözbaşyny Oguz han atamyzdan alyp gaýdýan türkmen halylary özboluşly dokalyş usullary, gölleri, nagyşlary bilen beýleki halklaryň halylaryndan düýpli tapawutlanýar. Özüniň gözelligi, nepisligi bilen göreni haýran edýän halylarymyz barada XIII asyrda ýaşap geçen italýan syýahatçysy Marko Polo özüniň işinde: «Türkmenler dünýäde iň oňat, owadan halylary dokaýarlar, ýüpek keteni matalar dokaýarlar, owadan bedew atlary ýetişdirýärler» diýip ýazýar. Şeýle gözellikler ýyllaryň zarbyna hem döz gelip bilipdir. Üstünden ençeme asyr geçendigine garamazdan, haly böleklerini synlanyňda, ol entegem ýalpyldap, nur saçyp durandyr. Tebigy boýaglar ulanylyp dokalan halylarymyz müňýyllyklaryň dowamynda öz durkuny saklap galypdyr.

Türkmen halysy — türkmeniň kalby

Türk­men di­ýe­niň­de, ilki bilen, ha­ly, du­tar... ýa­dy­ňa düş­ýär. Özün­de tu­tuş hal­kyň ah­wa­ly­ny jem­läp bi­len gö­zel­li­giň mu­kad­des­li­ge de­ňel­me­gem şon­dan. Te­bi­ga­tyň ro­ýy si­ňen, ene-ma­ma­la­ry­my­zyň yla­hy yh­la­syn­dan dö­rän bu sun­gat, öw­gä ýa ta­ry­pa mä­täç däl. Ol — hal­kyň ha­ly, ha­la­ty. Ol — türk­me­niň kal­by... Ine, şu­lar ba­ra­da düýn paý­tag­ty­myz­da Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­da hem uly buý­sanç, joş­gun bi­len bel­le­nil­di. Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan da­ba­ra sä­her bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çe­per el­li ha­ly­çy­la­ra we ýur­du­my­zyň äh­li hal­ky­na ibe­ren Gut­lag ha­tyn­dan ba­dal­ga al­dy. Açy­lyş da­ba­ra­sy ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry bi­len ut­gaş­dy. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da­ky da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Mil­li gym­mat­lyk­la­ra sarpa

Ene-ma­ma­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mil­li sun­ga­ty­myz asyr­lar aşyp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­tip­dir. Mil­li sun­ga­ty­myz has-da baý­laş­dy­ry­lyp gyz-ge­lin­le­riň ýü­rek be­ýa­ny­na öw­rü­lip­dir. Bu tä­sin gö­zel­li­giň dö­reý­şi ha­ly­da çi­ti­me, keş­de­de gaý­ma ge­çi­ri­lip, aý­ra­tyn öwüş­gin bi­len be­ýan edi­lip­dir. Bu ne­pis sun­ga­tyň dö­re­me­gi türk­men hal­ky­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny gö­zel­li­ge gap­lap­dyr. Hal­ky­myz ha­ly önüm­leri bi­len öý­le­ri be­zäp­dir­ler. Ge­lin-gyz­la­ryň hü­nä­ri bo­lan keş­de­dir gaý­ma­lar di­ňe egin-eşik­le­ri be­ze­män, eý­sem, sa­çak­dyr el­ýag­lyk hök­mün­de hem ula­ny­lyp­dyr. Türk­men mil­li­li­gi­ni, gö­zel te­bi­ga­ty­ny, jan­ly-jan­da­rlary, äh­li gö­ze gö­rün­ýän gym­mat­ly­gy ne­pis sun­gat­da be­ýan edip bil­mek us­sat­lyk ha­sap­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki döw­rü­miz­de hem ha­ly önüm­leri has gö­zel gör­nü­şe ge­lip, olara gym­mat­ly baý­lyk hök­mün­de ga­ral­ýar. Ady äle­me do­lan türk­men ha­ly­sy maş­ga­la­da ene­den ag­ty­ga, ag­tyk­dan çow­lu­ga, çow­luk­dan ýuw­lu­ga geç­ýän gym­mat­ly mi­ras­dyr. Türk­men maş­ga­la­syn­da ke­ma­la ge­len gyz­ja­ga­zyň gul­pak­ly döw­rün­den «ene­me meň­zä­sim gel­ýär» di­ýen buý­sanç­ly söz­le­ri, el iş­le­ri­ni öw­ren­mek­de er­jel­li­gi­ni, yh­la­sy­ny gör­kez­ýär. Maş­ga­la­da şeý­le in­çe se­net bi­len zäh­me­te ug­ruk­dy­ry­lan gyz ça­ga­da mak­sa­da ok­gun­ly­lyk, a

Nepis halylara siňen ykbal

«7/24. tm», №22 (157), 29.05.2023. Halkymyzyň ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty öz kö­kü­ni asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaý­dyp, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re mi­ras ge­çip, hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Türk­men­le­riň dur­mu­şy ha­ly bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Onuň kä­mil­li­ge bar­ýan ösü­şi­niň her bir döw­rün­de öz us­sat­la­ry bo­lup­dyr. Bi­ziň be­ýan et­jek bol­ýan şah­sy­ýe­ti­miz hem ene-ma­ma­la­ryn­dan do­wam edip, sun­ga­tyň öz ne­sil­le­rin­de do­wa­mat-do­wam bol­ma­gy­ny ga­za­nan ene ba­ra­da.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi

Şu gün tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guraldy. Şeýle giň gerimli çäreleriň biri hem Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirildi. Baýramçylyk çäreleri dünýä jemgyýetçiligini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilige öwrüldi. Bu gün Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly XXIII mejlisi hem geçiriler.

Halkymyzyň milli gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gözelligi hem kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk, dünýä meşhur halylary döredýän çeper elli ussatlaryň hormatyna ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramynyň dabaraly ýagdaýda giňden bellenilmegi Türkmenistanda dokmaçylyga, aýratyn-da, halyçylyga uly üns berilýändigini aňladýar. Halyçylyk sungaty merdana zenanlarymyzyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz goşandydyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň irginsiz yhlasy, tutanýerli zähmeti bilen döreýän nepis göller türkmeniň gadymy taryhynyň halylara çitilen beýanydyr. Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, zehin-yhlasyndan kemala gelen halylarymyz hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlygymyzdyr. Halyçylyk — türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu gün halylarymyzyň ajaýyp gölleri ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlary bolan Baýdagymyzy hem Tugramyzy bezeýär. «Haly türkmeniň kalbydyr». Türkmeniň sungata öwrülen halylary halkymyzyň tutuş adamzadyň medeni hazynasyna goşan ajaýyp goşandydyr.

On barmagyň hünäri

Türkmen halylary aýal-gyzlaryň irginsiz zähmeti, müňýyllyklaryň dowamynda taplanan zehini bilen nesilden-nesle geçip, şu günlerimize gelip ýetipdir. Haly türkmen maşgalasynyň ýakyn hemrasydyr. Haly we haly önümleri öýüň düşegi, esasy esbaby, toýlaryň bezegi bolmak bilen, olary taýýarlamagyň terbiýeçilik ähmiýeti hem örän uludyr. Akylly-başly, edepli, işeňňir nesilleri ýetişdirmekde akyl we zähmet terbiýesiniň orny örän uludyr. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Zähmet terbiýesi — akyl terbiýesiniň düzüm bölegidir. Çünki zähmet terbiýesi bolmazdan, akyl terbiýesi gözelligi dowamata uzaltmak wezipesini ýerine ýetirerden asgyn geler» diýip belleýär. Bu aýdylanlardan görnüşi ýaly, edepli nesli ýetişdirmek üçin akyl we zähmet terbiýesiniň ikisi hem bilelikde zerurdyr.

Zähmet soňy — rehnet

Türkmeniň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysyna öwrülen halyçylyk sungaty örän gadymy sungat bolup, öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gelin-gyzlarymyzyň yhlasy, zehini siňen türkmen halylary owadanlygy, syk dokalyşy, berkligi bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen haly sungaty şöhratly ösüşlere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň çeper elli halyçylara sowgat beren «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplary halyçylarymyz tarapyndan uly söýgi, buýsanç bilen okalýar.

Haly — köňül ylhamy

Haly — türkmeniň kalby, gyz-gelinlerimiziň döreden gözellik nusgasy. Şeýle bolansoň, el halylarymyz biziň milli buýsanjymyzdyr. Türkmen halylaryna geçmişde-de uly gyzyklanma bildirilipdir, häzirki günde-de bu gözellik nusgasyna isleg uludyr. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda gymmatly pikirler öňe sürülýär. Dünýäniň gadymy tapyndylarynyň hataryna girýän «Pazyryk» halysynyň alymlar tarapyndan türkmeniň halyçylyk sungatyna degişli edilmegi bu senediň taryhy kökleriniň gadymyýetden gözbaş alýandygyny subut edýär.

Magtymgulynyň döredijiliginde filosofiki garaýyşlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ýiti akyly bolan, pähimli oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler. Akylly ogul-gyzlar Watan gymmatlygynyň manysyna aýdyň düşünýän pähimdarlaryň nesilleridir» diýip belleýär. Şoňa görä-de, biziň akyldar şahyryň filosofiki garaýyşlaryna aň ýetirmäge çemeleşmegimiz derwaýys meseledir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki filosofiki garaýyşlaryň çeper beýan edilişi hakynda gürrüň etmeli bolanda, ilki bilen, filosofiýa ylmynyň hem-de «filosof» sözüniň manysy barada gysgaça pikir öwürmegimiz gerek. Filosofiýa ylmy ýönekeý, adaty aňdan düýpgöter tapawutlanýar. Bu ylym teoretiki pikirlenmegiň, adamyň pähim-paýhasynyň netijelerine, durmuşa akyl ýetirip biliş ukybynyň ussatlygyna daýanýar. «Filosofiýa» sözi «Parasatlylyga, pähim-paýhasa söýgi» diýmegi aňladýar. Taryhy maglumatlara görä, «filosofiýa» sözünden emele gelen «filosof» sözüni ilkinji gezek biziň eýýamymyzdan öňki VI asyrda ýaşan grek matematigi we akyldary Pifagor ulanypdyr. Ol pähim-parasatlylyga we sagdyn ýaşamaga çalyşýan adamlara «filosof» diýipdir.

Dünýä ýaýylan milli gymmatlyklar

Şu gün — 26-njy maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly dabaraly maslahat geçirildi.  «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we degişli güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilýän dabara  mähriban eneler, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Her bir göli läle-reýhan

Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Eger aýdym-saz sözlerde we owazlarda halkyň durmuşyny beýan edýän bolsa, onda halylar guşlaryň ganat ýaýmagy, kebelekleriň tolgundyryjy ganat kakmagy, ýeňiljek ýel öwüşgini, dag çeşmeleriniň şildirdisi, gül ýapraklarynyň şygyrdysy, bişen bugdaý başlarynyň ýumşaksy ygşyldysy ýaly tebigatyň nepis hereketleri bilen hasyl bolýan reňklerde we simwollarda ýüze çykýar. Başga sözler bilen aýdanyňda, munuň özi biziň durmuşymyzy gurşap alýan ähli zatlar hakyndaky, şatlyk we gussa hakyndaky, şahyryň inçe duýgulary hem-de filosofiki oýlanmalar hakyndaky dogruçyl we tolgundyryjy söhbetdeşlikdir. Bu ajaýyp rowaýatlar dutaryň tary, türkmen şaý-sepleriniň kümüşsöw şyňňyrdysy we haly daraklarynyň birsydyrgyn gürpüldisi bilen ugurdaş ýaňlanýar...». Ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy ýürek mährini, owazyny siňdiren, on barmagynyň hünärine öwrülen, gün-güzeran görmegiň akar çeşmesi bolan türkmeniň halyçylyk sungaty her bir türkmeniň ýürek buýsanjy, geçmişi, şu güni, ýagty günlere besleýän ertirki gününiň nurana keşbidir. Çitimleriň sazlaşygyndan emele gelýän ajaýyp, lowurdap duran älemgoşar öwüşginli bu gudrat göreni haýran edýär. Mukaddeslik nyşany hökmünde ojaklarymyzyň töründe gerilýän türkmen halysyny pederlerimiz päk arzuwlaryň kitaby hasaplaýarlar. Sebäbi halynyň her bir çitimine, taryna päkize göwünli ene-mamalarymyzyň ar

Ruhy dünýämiziň şirin aýdymy

Ynsan köňlüniň nury, pederleriň paýhas gory, milliligiň sallançagy, milli baýlyklaryň altyn täji, ahlak we edep ýörelgelerimiziň binýady, ylhamyň gözbaş akabasy bolan milli medeniýetimizde we sungatymyzda keşdeçilige aýratyn orun degişlidir. «Türkmen, aslynda, gözelligi dörediji, ýaýradyjy, oňa aşyk halk» diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Çünki türkmeniň çagalykdan gözüni açyp görýäni gözellik, nepislik, mähir-muhabbet bilen gurşalan dünýä ahbetin. Ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetiren amaly-haşam senediniň halyçylyk, keşdeçilik ýaly görnüşlerini synlanymyzda, köstsüz owadanlygy, sözsüz nepisligi, taýsyz çeperçiligi görýäris. Munuň özi ene-mamalarymyzyň ýaşaýşa hyjuwynyň, gözellige teşneliginiň, daşymyzy gurşap alan bu ajaýyp dünýä söýgüsiniň bimöçber bolandygynyň kepilidir. Diňe ýüregi söýgüden, mähir-muhabbetden pürepür bolan ynsanlar tebigatyň ajaýyplyklaryny görüp, olardan ruhlanyp, deňsiz-taýsyz, gaýtalanmajak şeýle gözelligi döredip bilýärler. Ene-mamalarymyzyň zehininiň we zähmetiniň netijesinde dörän gaýtalanmajak öwüşginli milli gymmatlyklarymyz ajaýyp döwrümizde äleme seýran edip, dünýä halklaryny heýjana salýar.

Pyragynyň muzeýinde

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Magtymguly muzeýi. Şahyryň hormatyna açylan muzeýiň gymmatly eksponatlary bu ýere gelýän myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Magtymguly muzeýinde halk arasynda saklanyp galan, dürli ýyllarda göçürilen golýazmalar, eserler ýerleşdirilipdir. Şahyr döredijiliginde gelin-gyzlara, olaryň görküne görk goşýan şaý-seplere aýratyn orun beripdir. Magtymguly Pyragy diňe bir goşgy ýazmak bilen çäklenmän, ussat zergär hem bolupdyr. Ol altyndyr kümüşden, bezeg daşlaryndan peýdalanyp, täsin sungat eserini döretmegi başarypdyr. Muzeýde gadymy şaý-sepleriň ençemesi saklanylýar. Şahyryň zergärçilik sungatyndan habar berýän, köňül berip söýen gyzy Meňlä niýetläp ýasan ýüzügi gymmaty egsilmejek mirasdyr. Bu ýüzük sap kümüşden ýasalyp, ýüzüne arap elipbiýiniň gadymy «küfi» bezeg hatynda «Meňli» diýlip ýazylypdyr. Beýik şahyryň Meňli gyza bagyşlap ýasan ýüzügi nesiller üçin nusgawy eserdir. Nusgawy eserler bakydyr. Ýüzük muzeýiň hünärmenleri tarapyndan aýawly goralyp saklanyp, ylmy taýdan öwrenilýär. Ylmy taýdan subut edilen bu ýüzük 1983-nji ýylda Magtymguly muzeýine Gurbangeldi aga tarapyndan uly hormat bilen sowgat berlipdir. Bar bolan maglumatlara görä, ýüzük kitabyň sahypalarynyň arasynda saklanyp galypdyr. Ol ýüzük biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly mirasdyr. Bu gymmatlyk şahyryň Meňli gyza bolan päk söýgüsiniň beýik mukaddeslige

Hindistanda hyýalym

Halkymyzda gül sowgat etmek däbi ir döwürlerden dowam edip gelýär. «Şasenem—Garyp» dessanynda aşyk ýigit Garyp özüni tanatmazlyk üçin Şasenemiň köşgüne bagbana kömekçi bolup barýar. Ol her gün Şaseneme ter güllerden çemen bogup ugradýar. Şasenemiň: «Ýaryň güli geldi, özi gelmedi» diýen sözleri dillerde sena bolup, şu günki güne çenli aýdym edilip aýdylýar. Güller hakynda söz açylanda, göz öňüňde Hindistan, bu topragyň gözelligi janlanýar. Hindi filmlerine tomaşa edip, hindi aýdymlaryny diňläp ulalanlygymyzdanmy, bu ýurt bize ýakyn görünýär. Filmlerden bize tanyş bolan hindi topragy durşuna gülzarlyk. Ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwüsýän bu owadan topragy synlanyňda, Magtymguly atamyzyň «Ýaryň ýagşysyn» diýen şygryndaky: «Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn» diýen setiri seriňe gelýär. Hindistanda ýedi görnüşli toprak bolup, ol, esasan, gyzyl reňklidir. Esasy ekini şeker-çiňrigidir. Hindiler ösdürip ýetişdiren owadan güllerinden ýasan bezeglerini boýunlaryna dakýarlar.

Medeni mirasymyz — ruhy baýlygymyz

Türkmenistan Watanymyz münýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan gadymy medeniýetiň, ylmyň, bilimiň ojagy hasaplanýar. Munuň şeýledigine dünýä nusgalyk maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli künjegi gymmatly ýadygärliklere baý bolup, dünýä alymlarynda, syýahatçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Bu toprakda meşhur alymlar, şahyrlar, lukmanlar ýaşapdyr. Ylmyň we bilimiň hakyky merkezleri bolan kitaphanalar, medreseler bolupdyr. Eziz Diýarymyzdan Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen, bu ýerde kerwensaraýlar gurlupdyr, dürli künjeklerden täjirleriň gelmegi, türkmen medeniýetiniň dünýä aralaşmagyna ýardam edipdir. Dürli medeniýetleriň bir ýere jemlenmegi bolsa ruhy gymmatlyklaryň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Eýsem, ruhy gymmatlyk näme? Ruhy gymmatlyk geçmişiň gadymy şahsyýetleri, ýadygärlikleri, keramatly ýerleri we däp-dessurlarymyzdyr. Türkmen halky ruhy gymmatlyklara baý halkdyr. Olar asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip, öz gymmatlygyny ýitirmän, şu günlere gelip ýetipdirler. Ýurdumyzdan geçen Beýik Ýüpek ýoly bolsa şol ruhy gymmatlyklaryň üstüni doldurypdyr. Sebäbi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklar türkmen medeniýetiniň aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga täsir edipdir. Taryhy mirasymyzy döwrebaplaşdyrmakda, onuň ähli ulgamlaryny özgertmekde, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy ýoluny bütin dünýä ýaýmakda türkmen halk

Meşhur halylar

Haly — adamzadyň oýlap tapan zatlarynyň iň gadymylarynyň biridir. Dünýäde iň meşhur halylaryň arasynda türkmen halylarynyň hem bardygy aýratyn buýsançly. Bu babatdaky maglumatlara internet sahypalarynda-da duşmak bolýar. «Türkmenler öz ajaýyp senetlerine buýsanmaga haklydyr. Bu ýurduň muzeýlerinde äpet halylaryň ikisi bar. Olaryň «Altyn asyr» diýlip atlandyrylany elde dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun aldy. «Türkmen kalby» hem öz döwründe iň äpet haly hökmünde öňdeligi eýeläpdi. Ony synlap durşuňa, türkmen zenanlarynyň Beýik Watançylyk urşunyň iň bir kynçylykly, agyr günlerinde şeýle äpet halyny dokap bilendigine haýran galýarsyň» diýlip, internet sahypalarynyň birinde aýdylýar.

Çäksiz hormatyň eýesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eserinde beýan edişi ýaly, ejeler öz perzentleri üçin perişde hasaplanylýar. Eje bolmak her bir zenan üçin iň belent mertebe. Tutuş millete käbe bolmak bolsa, Ylahydan berlen derejedir. Çünki oňa Hak özüniň nazar saljak perzendiniň ejesi bolmak bagtyny miýesser görüpdir. Türkmen halkynyň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň ejesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat eje-de hut şeýle käbelerdendir. Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, maşgaladaky edim-gylymlary, terbiýeçilik usullary, girim-çykymdan başy çykýan zenan hökmünde, ene hökmünde görüm-göreldesi öwrenilip, entek kän-kän kitaplar ýazylmaly, ýazylaram. Sebäbi, ene hakdaky gürrüňler soňlanmazdyr.

Magtymguly — söz mülküniň ägirdi

Halkymyz mertebesine meşhurlyk çaýan perzentleriniň sarpasyny belent tutýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi, dünýä dillerine terjime edilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 2014-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçilipdi. Türkmenistanda we daşary döwletlerde şahyryň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlanan çäreler, halkara derejeli ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri guraldy, ylmy gözlegler amala aşyryldy. Ynha, nesip bolsa, 2024-nji ýylda hem bize akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ençemesi garaşýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giň gerimli tutumlar bilen belleniler. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly karara gol çekildi hem-de bu senäni bellemek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi degişli karar bilen tassyklanyldy. 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda bolsa sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabara

Mertligiň ajaýyp nusgasy

Halkymyzyň ruhuna siňen, aň hem-de ahlak gymmatlygy bolan ajaýyp, gymmatly häsiýetleriň biri-de Watanyňy söýmek, ony gözüň göreji deý gorap saklamak, ata Watanyňa, ene topragyňa wepaly bolmak bolup durýar. Il-gün bilen agzybirlikde barşyp-gelşip, halkyň adamsy bolmak, alkyş gazanmak ýaly uly bagt ýokdur. Berdimuhamet Annaýewiň mukaddes peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwet galamynyň astyndan syzylyp çykan gymmatly kitaplarydyr eserleri adamzat jemgyýeti üçin gymmatly hazynadyr.