Meşhur halylar

25 Maý 2023
573

Haly — adamzadyň oýlap tapan zatlarynyň iň gadymylarynyň biridir. Dünýäde iň meşhur halylaryň arasynda türkmen halylarynyň hem bardygy aýratyn buýsançly. Bu babatdaky maglumatlara internet sahypalarynda-da duşmak bolýar.

«Türkmenler öz ajaýyp senetlerine buýsanmaga haklydyr. Bu ýurduň muzeýlerinde äpet halylaryň ikisi bar. Olaryň «Altyn asyr» diýlip atlandyrylany elde dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun aldy. «Türkmen kalby» hem öz döwründe iň äpet haly hökmünde öňdeligi eýeläpdi. Ony synlap durşuňa, türkmen zenanlarynyň Beýik Watançylyk urşunyň iň bir kynçylykly, agyr günlerinde şeýle äpet halyny dokap bilendigine haýran galýarsyň» diýlip, internet sahypalarynyň birinde aýdylýar.

Güljahan EÝEBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.