Medeni mirasymyz — ruhy baýlygymyz

26 Maý 2023
677

Türkmenistan Watanymyz münýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan gadymy medeniýetiň, ylmyň, bilimiň ojagy hasaplanýar. Munuň şeýledigine dünýä nusgalyk maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli künjegi gymmatly ýadygärliklere baý bolup, dünýä alymlarynda, syýahatçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Bu toprakda meşhur alymlar, şahyrlar, lukmanlar ýaşapdyr. Ylmyň we bilimiň hakyky merkezleri bolan kitaphanalar, medreseler bolupdyr. Eziz Diýarymyzdan Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen, bu ýerde kerwensaraýlar gurlupdyr, dürli künjeklerden täjirleriň gelmegi, türkmen medeniýetiniň dünýä aralaşmagyna ýardam edipdir. Dürli medeniýetleriň bir ýere jemlenmegi bolsa ruhy gymmatlyklaryň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Eýsem, ruhy gymmatlyk näme? Ruhy gymmatlyk geçmişiň gadymy şahsyýetleri, ýadygärlikleri, keramatly ýerleri we däp-dessurlarymyzdyr. Türkmen halky ruhy gymmatlyklara baý halkdyr. Olar asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip, öz gymmatlygyny ýitirmän, şu günlere gelip ýetipdirler. Ýurdumyzdan geçen Beýik Ýüpek ýoly bolsa şol ruhy gymmatlyklaryň üstüni doldurypdyr. Sebäbi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklar türkmen medeniýetiniň aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga täsir edipdir.

Taryhy mirasymyzy döwrebaplaşdyrmakda, onuň ähli ulgamlaryny özgertmekde, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy ýoluny bütin dünýä ýaýmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber goşandy bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky müňýyllyklaryň ýaňyny özüne siňdiren ýüzlerçe taryhy-medeni ýadygärliklere, edebi gymmatlyklara, golýazma çeşmelerine baýdyr. Adamzadyň köpasyrlyk taryhynyň köklerini, edebi-ruhy gymmatlyklaryny, asyrlaryň jümmüşinden sünnälenip çykan iň nepis sungat eserlerini özünde jemleýän baý milli mirasymyz zamanamyzyň esasy ruhy binýatlarynyň biridir

Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.