Dünýä ýaýylan milli gymmatlyklar

26 Maý 2023
873

Şu gün — 26-njy maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly dabaraly maslahat geçirildi.  «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we degişli güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilýän dabara  mähriban eneler, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň gelin-gyzlar gatnaşdylar.

«Zenan kalby».