Çäksiz hormatyň eýesi

25 Maý 2023
529

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eserinde beýan edişi ýaly, ejeler öz perzentleri üçin perişde hasaplanylýar. Eje bolmak her bir zenan üçin iň belent mertebe. Tutuş millete käbe bolmak bolsa, Ylahydan berlen derejedir. Çünki oňa Hak özüniň nazar saljak perzendiniň ejesi bolmak bagtyny miýesser görüpdir. Türkmen halkynyň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň ejesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat eje-de hut şeýle käbelerdendir.

Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, maşgaladaky edim-gylymlary, terbiýeçilik usullary, girim-çykymdan başy çykýan zenan hökmünde, ene hökmünde görüm-göreldesi öwrenilip, entek kän-kän kitaplar ýazylmaly, ýazylaram. Sebäbi, ene hakdaky gürrüňler soňlanmazdyr.

Nurjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.