Her bir göli läle-reýhan

26 Maý 2023
588

Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Eger aýdym-saz sözlerde we owazlarda halkyň durmuşyny beýan edýän bolsa, onda halylar guşlaryň ganat ýaýmagy, kebelekleriň tolgundyryjy ganat kakmagy, ýeňiljek ýel öwüşgini, dag çeşmeleriniň şildirdisi, gül ýapraklarynyň şygyrdysy, bişen bugdaý başlarynyň ýumşaksy ygşyldysy ýaly tebigatyň nepis hereketleri bilen hasyl bolýan reňklerde we simwollarda ýüze çykýar. Başga sözler bilen aýdanyňda, munuň özi biziň durmuşymyzy gurşap alýan ähli zatlar hakyndaky, şatlyk we gussa hakyndaky, şahyryň inçe duýgulary hem-de filosofiki oýlanmalar hakyndaky dogruçyl we tolgundyryjy söhbetdeşlikdir. Bu ajaýyp rowaýatlar dutaryň tary, türkmen şaý-sepleriniň kümüşsöw şyňňyrdysy we haly daraklarynyň birsydyrgyn gürpüldisi bilen ugurdaş ýaňlanýar...».

Ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy ýürek mährini, owazyny siňdiren, on barmagynyň hünärine öwrülen, gün-güzeran görmegiň akar çeşmesi bolan türkmeniň halyçylyk sungaty her bir türkmeniň ýürek buýsanjy, geçmişi, şu güni, ýagty günlere besleýän ertirki gününiň nurana keşbidir. Çitimleriň sazlaşygyndan emele gelýän ajaýyp, lowurdap duran älemgoşar öwüşginli bu gudrat göreni haýran edýär. Mukaddeslik nyşany hökmünde ojaklarymyzyň töründe gerilýän türkmen halysyny pederlerimiz päk arzuwlaryň kitaby hasaplaýarlar. Sebäbi halynyň her bir çitimine, taryna päkize göwünli ene-mamalarymyzyň arzuw-hyýaly, ýürek mähri siňen. Halynyň inçeden nepis dokalmagy ony synlany özüne bendi edýär. Ir döwürlerde ýurdumyza syýahat eden Marko Polo: «Türkmen halysy dünýädäki iň inçe we owadan sungatdyr» diýýän bolsa, Gündogary öwreniji, nemes etnografy Felkerzam: «Eger-de kimdir birine türkmen halylaryny görmek miýesser etse, bu täsin sungat eserini hiç wagt unutmaz» diýip, gelin-gyzlaryň inçe sungatyna ýokary baha berýär.

Ogulbaýram REJEPOWA,
«Zenan kalby».