Ruhy dünýämiziň şirin aýdymy

26 Maý 2023
516

Ynsan köňlüniň nury, pederleriň paýhas gory, milliligiň sallançagy, milli baýlyklaryň altyn täji, ahlak we edep ýörelgelerimiziň binýady, ylhamyň gözbaş akabasy bolan milli medeniýetimizde we sungatymyzda keşdeçilige aýratyn orun degişlidir.

«Türkmen, aslynda, gözelligi dörediji, ýaýradyjy, oňa aşyk halk» diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Çünki türkmeniň çagalykdan gözüni açyp görýäni gözellik, nepislik, mähir-muhabbet bilen gurşalan dünýä ahbetin. Ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetiren amaly-haşam senediniň halyçylyk, keşdeçilik ýaly görnüşlerini synlanymyzda, köstsüz owadanlygy, sözsüz nepisligi, taýsyz çeperçiligi görýäris. Munuň özi ene-mamalarymyzyň ýaşaýşa hyjuwynyň, gözellige teşneliginiň, daşymyzy gurşap alan bu ajaýyp dünýä söýgüsiniň bimöçber bolandygynyň kepilidir. Diňe ýüregi söýgüden, mähir-muhabbetden pürepür bolan ynsanlar tebigatyň ajaýyplyklaryny görüp, olardan ruhlanyp, deňsiz-taýsyz, gaýtalanmajak şeýle gözelligi döredip bilýärler. Ene-mamalarymyzyň zehininiň we zähmetiniň netijesinde dörän gaýtalanmajak öwüşginli milli gymmatlyklarymyz ajaýyp döwrümizde äleme seýran edip, dünýä halklaryny heýjana salýar.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.